Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň köçeleriniň täzelenmegi korrupsiýa bilen baglanyşdyrylýar


Moskwanyň ýaşaýjylary üçin paýtagtyň merkeziniň her bir köçesinde diýen ýaly duş gelýän ýol gurluşygy güýçli korrupsiýa barada ýatlatma bolup durýar.
Moskwanyň ýaşaýjylary üçin paýtagtyň merkeziniň her bir köçesinde diýen ýaly duş gelýän ýol gurluşygy güýçli korrupsiýa barada ýatlatma bolup durýar.
Moskwanyň şäher administrasiýasy paýtagtyň merkeziniň trotuarlarynyň uly bölegini gaýtadan bejermek işine girişdi. Şol bir wagtyň özünde-de jemgyýet şäheriň meri Sergeý Sobýaniniň aýalynyň ýollaryň bejerilmegine degişli biznese gatnaşygynyň bolmagynyň ähtimallygyna uly üns bilen syn edýär.

Şeýle gatnaşygy tassyklaýan faktlar ýok. Emma şeýle şübheleriň döremeginiň özi hökümet resmilerine bolan güýçli ynamsyzlygyň bardygyny görkezýär.

Islendik şäherde ýol bejeriş işleriniň döredýän oňaýsyzlyklary ýolagçylar üçin hem, sürüjiler üçin hem uly synag bolýar. Emma Moskwanyň ýaşaýjylary üçin paýtagtyň merkeziniň her bir köçesinde diýen ýaly duş gelýän ýol gurluşygy güýçli korrupsiýa barada ýatlatma bolup durýar.

Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin paýtagtyň merkeziniň trotuarlaryny täzelemek işine 145, 4 million dollaryň sarp ediljegini yglan edende, onuň bu karary geňirgenme bilen kabul edilipdi. Sebäbi meriň aýalynyň trotuarlar üçin ulanylýan käbir gurluşyk materiallarynyň önümçiligi bilen bagly biznese gatnaşygy bardy.

Gozgalmaýan emläk bilen bagly operasiýalar boýunça agent Andreý Duhonin mere şübhe bildirýän paýtagtly ýaşaýjylaryň biri. Ol şeýle pikirde: “Men bu ýerde korrupsiýanyň bardygyny çak edýärin. Sebäbi bu býujetiň serişdelerinden peýdalanmak üçin amatly mümkinçilikleriň biri”.

Meriň aýalynyň biznesi

Paýtagtdaky ýollaryň täzelenmegine täze meriň aýalynyň gatnaşygyny tassyklaýan faktlar şu günki güne çenli ýok. Emma öňki mer Ýuriý Lužkowyň aýaly Ýelena Baturinanyň munisipal şertnamalaryň hasabyna milliardlarça dollarlyk girdejä eýe bolanlygy köpleriň ýadynda.

Şonuň üçin Sobýanin paýtagtyň merkezindäki 4 million kwadrat metriň täzelenjegini yglan edende, ýurduň köpçülikleýin habar serişdeleri Irina Sobýaninanyň “Aerodromdorstroý” kompaniýasynyň bardygyny ýatlatdy.

“Dengi” hepdeliginiň maglumatyna görä, Sobýanin 2001-2005-nji ýyllarda Týumen şäheriniň meri bolanda onuň aýalynyň kompaniýasy birnäçe girdejili kontraktlara eýe bolupdy.

Emma korrupsiýa gözegçilik edýän “Transparency International” guramasynyň Orsýetdäki bölüminiň ýolbaşçysy Iirna Panfilowa paýtagtyň ýollaryny bejermek proýektinde Sobýaniniň öz bähbitlerini yzarlaýanlygyny subut edýän delilleriň ýokdugyny aýdýar. Onuň pikiriçe, şäher ýolbaşçylaryna bildirilýän şübhelere olaryň hereketlerinde açyklyk medeniýetiniň ýoklugy sebäp bolýar.

Kimiň bähbidine?

Sobýanin trotuarlary täzelemek kararyny Moskwanyň sowuk howasynyň alfalt ýollara erbet täsir ýetirýänligi bilen düşündirdi. Emma Moskwanyň ýaşaýjylary ýaňy-ýakynda bejerilen ýollaryň gaýtadan täzelenip durýanlygyna ünsi çekýärler.

53 ýaşly Sobýanin geçen ýylyň oktýabr aýynda Moskwanyň meri wezipesini eýelände, ol özüniň öňki ýolbaşçydan tapawutlanýanlygyny görkezmäge çalşypdy we aram oppozisiýa hökümete garşy miting geçirmäge rugsat beripdi.

Emma köpçüligiň pikirini öwrenýän “Lewada merkeziniň” maý aýynda geçiren öwrenmelerine görä, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň diňe 27%-i Sobýanin şäheriň bähbitlerinden ugur alýar diyip, hasap edýärler. Pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 39%-i Sobýanin federal häkimiýetleriň bähbidine we 19%-i öz şahsy bähbidine gulluk edýär diýip, hasap edýärler.
XS
SM
MD
LG