Sepleriň elýeterliligi

Norweg partiýa lideri: “Biz hiç haçan musulmanlara garşy syýasat alyp barmadyk”


Norwegiýanyň “Progress” partiýasynyň lideri Siw Jensen: "Biz hiç haçan musulmanlara garşy syýasat alyp barmadyk. Bizi diňe radikal yslamçylar alada goýýar".

Norwegiýanyň “Progress” partiýasynyň lideri Siw Jensen: "Biz hiç haçan musulmanlara garşy syýasat alyp barmadyk. Bizi diňe radikal yslamçylar alada goýýar".

Dünýä metbugatynda 22-nji iýulda Norwegiýada bolan terrorçylyk hüjümini amala aşyran Anders Breýwigiň Norwegiýanyň “Progress” partiýasyna agza bolandygy baradaky habarlar peýda boldy. Bu mesele boýunça Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Jeýms Kirçik ol partiýanyň lideri Siw Jensen bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Norwegiýada immigrasiýa bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagyna näme sebäp boldy we siziň partiýaňyz bu problemany çözmek ugrunda nähili hereket edýär?

Siw Jensen: Başda men öz “Progress” partiýamyzyň liberal hem demokratiýanyň prinsiplerine berk eýerýän partiýadygyny belläsim gelýär. Biziň partiýamyzyň agzalary onlarça ýylyň dowamynda ýurduň parlamentinde iş alyp barýarlar.

Biz raýatlaryň şahsy erkinligi, adamlaryň hukuklary, raýatlaryň hökümetden garaşsyz bolmagy meselelerine köp üns berýäris. Biz köplenç salgyt sistemasy, saglygy saklaýyş ulgamy, raýatlara salynýan salgydy azaltmak ýaly meseleleri gozgap, diskussiýa geçirýäris. Biz berk bäsleşigiň tarapdary we hökümet monopoliýasyna garşy göreş alyp barýarys. Bu biziň esasy pozisiýamyz.

Norwegiýada immigrasiýa meselesini gozgamaýan ýeke partiýany-da tapyp bilmersiňiz. Bu mesele hemmeleri gyzyklandyrýar.
Şeýle hem biz Norwegiýanyň immigrasiýa syýasaty bilen bagly meseläni uzak wagtdan bäri gozgap gelýäris. Norwegiýadaky hemme syýasy partiýalar bir hakykaty ykrar edýarler. Ol hem Norwegiýada immigarsiýanyň bardygynyň hem geljekde-de boljakdygynyň hemmelere aýanlygydyr. Şonuň üçin siz Norwegiýada immigrasiýa meselesini gozgamaýan ýeke partiýany-da tapyp bilmersiňiz. Bu mesele hemmeleri gyzyklandyrýar. Ýöne biz hiç haçan musulmanlara garşy syýasat alyp barmadyk. Bizi diňe radikal yslamçylar alada goýýar.

Indi bolsa biz yslama garşy çykyş edýän radikallaşmagyň başga görnüşine duş bolduk. Olaryň ikisi hem aýylganç, ikisine garşy hem göreş alyp barmaly. Umuman, radikal pikirleriň hemme görnüşine garşy demokratik ýollar bilen, açyk debat-çekeleşikler arkaly göreşmeli. Şeýle edilmese, kynçylyklar ýaşyryn saklansa, onda olar geljekde uly betbagtçylyga öwürlip biler.

Şonuň üçin Norwegiýanyň ýagdaýynda kynçylyklar barada açyk gürrüň edip, pikir alyşmak usuly bu problemalaryň öňüni almagyň iň netijeli ýoludyr.Hut açyk çekeleşikleriň geçirilýändigi sebäplem biziň jemgyýetimizde radikal toparlar köp däl diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Immigrasiýa meselesinde diskussiýa döredýän meseleler nämeden ybarat?

Siw Jensen: Immigrasiýa bilen bagly esasan iki mesele gozgalýar. Olaryň biri biziň ýurdumyzda başpena alanlaryň jemgyýetimize uýgunlaşmak prosesini tizleşdirmek meselesi. Beýleki ýurtlardan göçüp gelen adamlaryň dil, bilim iş tapmak bilen bagly kynçylyklary köp bolýar.

Ikinji mesele bolsa bikanun immigrantlar. Häzir Norwegiýada onlarça müň immigrant bikanun ýaşaýar. Bu bolsa ýurtdaky jenaýatyň derejesini ýokarlandyrýar, neşe söwdagärleriniň sanyny artdyrýar we köp beýleki problemalaryň döremegine getirýär. Şeýle kynçylyklaryň artmagy sebäpli norweg häkimiýetleri hem hut soňky döwürde bikanun immigrantlara garşy berk syýasat ýöredip başlady.

Azatlyk Radiosy: Iňlis dilindäky metbugatda çap bolan maglumatlarda siziň partiýaňyz musulmanlara garşy syýasat alyp barýan partiýa hökmünde suratlandyrylýar. Muňa näme sebäp bolup biler?

Dünýädäki žurnalistleriň köpüsi norweg syýasatçylaryndan habarsyz. Olaryň köpüsi, biz bilen habarlaşman, netije çykarmaga howlugýarlar.
Siw Jensen: Belki-de, muny žurnalistleriň ýeterlik maglumat toplamazdan, netije çykarmaga synanyşýanlyklary bilen düşündirip bolar. Dünýädäki žurnalistleriň köpüsi norweg syýasatçylaryndan habarsyz. Olaryň köpüsi, biz bilen habarlaşman, netije çykarmaga howlugýarlar. Olar hatda Norwegiýanyň žurnalistleri, ýurtdaky syýasy partiýalaryň metbugat wekilleri bilen habarlaşmazdan, bize at dakýarlar.

Ýöne ýurduň içindäki wakalara üns berseňiz, bärde hiç bir syýasy partiýa bizi musulmanlara garşy hereket etmekde aýyplajagam bolanok. Biz radikallaşmak, ekstremizm meselesine garşy birigip, hemmämiz bilelikde durýarys.

Maňa günde şeýle aýyplamalaryň adalatsyzdygy barada ýazylan SMS, e-mail arkaly hatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin Anders Breýwik ýaly adam başda siziň partiýaňyza agza bolmak kararyna gelýär, siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?

Siw Jensen: Men muny bilemok. Bilesim gelse-de, gynansam-da, hiç zat diýip biljek däl. Ýöne Norwegiýada hemme syýasy partiýalar öz hatarlaryna girmek isleýan adamy kabul edýärler. Biz hiç kimi barlamaýarys.

Terrorçylyk hüjümden soň, biz üçin kyn günler bolsa-da, ilatyň syýasy taýdan aktiwleşendigine şaýatlyk edýän bir zat bar. Ol hem soňky günler Norwegiýanyň hemme partiýalaryna-da agza bolýan adamlaryň sany köpeldi. Bu bizi guwandyrýar. Sebäbi biziň başdan geçirýän agyr döwrümizde adamlar demokratiýa, aç-açanlyga, söz azatlygyna sarpa goýup, ýurduň syýasy durmuşyna gatnaşmak isleýärler. Olar biziň demokratik prosese gatnaşýandygymyza düşünip, biziň milletimiz üçin agyr döwürde şol demokratik prosesleri goldaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Siz immigrasiýa meselesi bilen bagly ýurtda çekeleşikleriň geçirilýändigini aýtdyňyz. Şol diskussiýalarda öňe sürülýän pikirler ölçäp-seljerilip aýdylýarmy? Olar aşa ekstremistik dälmi?

Siw Jensen: Belki, käbir pikirleriň çakdanaşa bolmagy mümkin, ýöne, meniň pikirimçe, ekstremistik pikirler esasan internetde ýaňlanýar.

Häzir Ýewropanyň köp ýurtlary immigrasiýa bilen bagly syýasatyny berkleşdirýär. Muňa ýene-de şol ýurtlarda dürli problemalaryň artmagy sebäp boldy. Bizdäki diskussiýalara bolsa immigrantlaryň özleri hem gatnaşýarlar. Sebäbi demokratiýa taýdan ösen Norwegiýada immigrantlaryň maşgalalarynda önüp-ösen gyzlaryň zorluk bilen durmuşa çykarylmagy, oglanlaryň zorluk bilen sünnete ýatyrylmagy ýaly kynçylyklar ýüze çykýar.

Biz hut şeýle kynçylyklar barada gürrüň edýäris. Şeýle diskussiýalar zerur. Sebäbi “Bu kynçylyklary biz nädip çözüp bileris? Şol gyzlaryň howpsuzlygyny nädip üpjün edip bileris?” diýen ýaly sowallary diňe açyk çekeleşiklerde maslahatlaşyp, çözüp bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG