Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň harby ýolbaşçylary wezipelerinden çekildiler


Türk mediasynda berlen maglumatlara görä, Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň baş komanduýuşisi general Yşyk Koşaner we beýleki ýokary derejeli harbylar wezipelerinden çekildiler.

Ýokary derejeli harby generallarynyň näme sebäpli wezipelerini terk edenlikleri entek anyk däl.

Soňky ýyllarda harbylar bilen premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetiniň arasynda dartgynlylyk artýardy.

Şeýle hem Türkiýäniň dünýewiligini kepillendirýän harbylar bilen yslamçy hökümetiň arasynda oňşuksyzlyklar köpelipdi.

Geljek hepde ýurduň Ýokary harby geňeşinde ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi planlaşdyrylýardy.
XS
SM
MD
LG