Sepleriň elýeterliligi

Polşanyň goranmak ministri wezipesini terk etdi


Polşanyň döwlet komissiýasy geçen ýyl Smolenskde 96 adamyň, şol sanda prezident Leh Kaçinskiniň ölümine getiren uçar heläkçiliginiň ýüze çykmagynda Orsýet tarapynyň hem günäsiniň bardygyny 29-njy iýulda ýaýradan hasabatynda mälim etdi.

Bu hasabat ýaýradylansoň, Polşanyň goranmak ministri Bogdan Klih wezipesinden çekildi.

Bu dokumentde esasan pilotyň ýalňyş hereketleriniň uçar heläkçiligine getirenligi bellenilýär.

Ýöne Smolensk aeroportunyň ýaramaz şertleriniň, şeýle hem rus operatorlary bilen düşünişmek meselesinde dörän kynçylyklaryň hem bu heläkçilige getiren sebäplere degişlidigi aýdylýar.

Geçen ýylyň 10-njy aprelinde bolan uçar heläkçiliginde Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiý, onuň aýaly, şeýle hem Polşanyň ýokary derejeli resmilerinden we harby generallaryndan ybarat bolan jemi 96 adam heläk bolupdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda rus tarapynyň geçiren derňewi netijesinde çap edilen maglumatda bu heläkçilige uçarda bolan polýak resmileriniň ýalňyş hereketleriniň sebäp bolandygy aýdylypdy. Bu bolsa polşalylaryň arasynda nägileligiň döremegine getiripdi.
XS
SM
MD
LG