Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýanyň PM-si: Terror hüjümi demokratiýa garşy gönükdirildi


Norwegiýanyň premýer-ministri Jens Stoltenberg 29-njy iýulda eden çykyşynda bir hepde mundan ozal Norwegiýada amala aşyrylan terror hüjümini ýurduň demokratiýasyna garşy edilen hüjüm diýip atlandyrdy.

Bu barada Stoltenberg 29-njy iýulda hüjümiň ilkinji pidasynyň jaýlanmagy bilen bagly Zähmet partiýasynyň geçiren ýas çäresinde eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem bu ganly hüjümleri amala aşyran 32 ýaşly Anders Breýwik ikinji gezek sorag edildi.

Iki psiholog lukmana noýabr aýyna çenli jenaýatçynyň ruhy sagdynlygyny barlap, netije çykarmak tabşyryldy.

22-nji iýulda amala aşyrylan terror hüjümlerinde heläk bolanlaryň hemmesiniň şahsyýeti anyklanypdyr.

Häzir polisiýa pidalaryň maşgalalaryny gözlemek bilen meşgullanýar diýlip, maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG