Sepleriň elýeterliligi

Ukrain känlerinde bolan parlamalarda onlarça adam öldi


Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň beren maglumatlaryna görä, ýurduň iki kömür käninde bolan partlamalarda azyndan 20 adam heläk bolupdyr.

Ukrainanyň Lugans welaýatynyň “Suhodolnaýa-Wostoçnaýa” kömür käninde bolan partlamadan soň 17 adamyň jesedi tapyldy. Ýene 9 adam dereksiz ýiten hasaplanýar.

Bu waka 29-njy iýulda daňdan 915 metr çuňlukdaky kände metanyň partlamagy sebäpli yüze çykypdyr. Şonda kände 28 magdançy bar eken.

Doneskde ýerleşýän kömür käninde bolan partlamada bolsa 3 adamyň heläk bolup, birnäçesiniň ýaralanandygy aýdylýar.

Ukrainanyň kömür känleri dünýädäki iň howply känleriň arasyna girýär.
XS
SM
MD
LG