Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada azyndan 18 adam öldi


Owgan polisiýasynyň beren maglumatyna görä, 29-njy iýulda Helmend welaýatynda ýol ugrunda ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan 18 adam heläk bolupdyr. Olaryň arasynda çagalaryň hem bardygy aýdylýar.

Bu wakada ýolagçy daşaýan mikro-awtobus ýol ugrunda ýerleşdirilen minanyň üstünen barypdyr.

BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda ýol ugrunda ýerleşdirilen 440 mina partlap, bu wakalarda parahat ilatdan 1,462 adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG