Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisiň öňki prezidentine gaýybana 16 ýyl iş kesildi


Tunisde ýurduň öňki prezidenti Zin el-Abidine Ben Alä garşy sud diňlenişigi geçirildi.

Suduň çykaran karary bilen Ben Ali we onuň giýewsi 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler.

Ben Aliniň gyzy Nisrin bolsa 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip oňa 50 million dinar möçberinde jerime salyndy.

Ben Ali şu ýylyň ýanwar aýynda Tunisde bolan protestleriň netijesinde maşgalasyny alyp ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur bolupdy.

Ben Ali häzir Saud Arabystanynda ýaşaýar. Ol sud prosesine gatnaşmady.
XS
SM
MD
LG