Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazaklaryň häkimiýet ugrundaky tutluşygy Waşingtonda ýaň salýar


Nursoltan Nazarbaýewiň ozalky giýewisi Rahat Alyýew
Nursoltan Nazarbaýewiň ozalky giýewisi Rahat Alyýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň hem-de onuň ozalky giýewisi Rahat Alyýewiň öz aralaryndaky garpyşygy Waşingtonyň çäklerinde bulam-bujar görnüşde orta çykdy. Ýakynda Amerikanyň häkimiýete degişli bolmadyk guramalaryňyň biri bu babatda resmi derňew geçirmäge çagyryş etdi.

Dürli ýurtlarda yzarlanmalaryň pidasy bolýanlar hakykatyň gözleginde Waşingtona ýygy-ýygydan ýüz tutýarlar. Pýotr Afanasenkonyň iýunyň başynda Waşingtona gelmeginde hiç hili geň-taňlyk görünmedi. Ol Gazagystanyň türmelerindäki urlup-ýenjilmeler baradaky iniňi tikeneklediji gürrüňleri aýtmak üçin bu ýerik gelipdir. Irräkki döwürde ol oppozisiýanyň geljekki lideriniň janpenasy bolupdy.

Afanasenkonyň bildirýän aýyplamasy

Pýotr Afanasenko, Waşington, 2011-nji ýylyň iýun aýy.
Pýotr Afanasenko Birleşen Ştatlaryň Kongresine hem-de Döwlet departamentine sapary mahaly döwletiň wezipeli bir kişisiniň kanun bozmalaryny beýan etdi. Onuň aýtmagyna görä, eden-etdilige ýol beren Rahat Alyýew şol döwürlerde Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň giýewisidi.

— Men Rahat Alyýewe talap bildirýärin. Ol Almatynyň hem-de Almaty welaýatynyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy mahaly meniň garşyma toslama jenaýat işini açypdy. Ol adamlara jeza bermäge gatnaşypdy. Hut öz elleri bilen adamlary gynapdy — diýip, Pýotr Afanasenko aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar Pýotr Afanasenkonyň gürrüňi, onuň türmä düşüşi Gazagystanyň häkimiýetleriniň oppozisiýanyň liderleriniň garşysyna eden-etdilikleri ýoň bolan galyplara laýyk gelýär diýip hasaplaýarlar. Bärde üns bererlik bir zadam bardyr. Olam Pýotr Afanasenkonyň sapar üçin saýlap alan wagty. Ol Gazagystanyň häkimiýetleri tarapyndan 2000–nji ýylda tussag edilipdi. 2001-nji ýylda azatlyga goýberilipdi, birnäçe ýyldan soň ýurdy terk edip, Belgiýada mesgen tutunypdy. Şol döwürler onuň tussag edilmegini hukuk goraýjy guramalar, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýazgarypdylar. Onuň ady ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklary baradaky ýyllyk hasabatynda agzalypdy, şol ýerde onuň ady iň soňky sapar 2003-nji ýylda agzalypdy.

Ynha, indi Pýotr Afanasenko türmeden çykandan 10 ýyl soň ABŞ-a geldi. Onuň sapary üsti bassyr-ýussur bir gurama tarapyndan maliýeleşdirildi. Belki, ol gurama Waşingtonda kök urandyr, belki, ony dolandyrýan ozalky SSSR-den bolan lobbidir.

Şeýle ýagdaý böwrüňi bükgüldedýär. Hakykatdanam, ozal häkimiýetler tarapyndan adalatsyzlygyň pidasy bolan Pýotr Afanasenkonyň häzirki wagtda Gazagystanyň iň kuwwatly adamy bilen onuň iň ganym duşmanlarynyň biriniň arasyndaky aňyrsy-bärsi görünmeýän duşmançylyklarynyň arasynda küştüň ýönekeýje pyýada çöpüne öwrülen bolmagy mümkin. Soňky ýyllar bu gapma-garşylygyň başynda duranlaryň ikisi-de dawa-jenjellerini täze arena —Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paýtagty Waşingtona geçirdiler.

Dawa-jenjel mizanynyň bir tarapynda Gazagystanyň 70 ýaşly prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň režimi dur. “The New York Times” gazetiniň ýaňy-ýakyndaky derňewlerine salgylansaň, bu režim soňky üç ýylyň dowamynda ABŞ-nyň paýtagtyndaky hökmürowan koridorlarda öz bähbitlerini öňe sürmek üçin bilermenleriň hem-de lobbileriň daşyna aýlanyp, millionlarça dollar çykdajy etdi.

Dawa-jenjeliň mizanynyň beýleki tarapynda 48 ýaşly Rahat Alyýew dur. Ol deminiň daş ýarýan mahaly Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň ikinji adamsy bolupdy, soňra ýokary derejedäki diplomat bolupdy. Onda häkimiýetem bardy, serişde-de. Şol häkimiýeti hem-de serişdäni Nursoltan Nazarbaýewiňki bilen deňeşdirip boljakdy. Rahat Alyýewiň asmandan patlap gaçmagy-da onuň asmana parlap uçmagyndan enaýy bolmady. Ol Awstriýa gaçdy, ozal şol ýerde ilçidi, soňra ol prezidentiň gyzy Dariga bilen nikasyny bozdy. Rahat Alyýew häzirem Awstriýada pena tapyndy we syýasy gaçybatalga aldy. 2008-nji ýylda Gazagystanyň sudy Rahat Alyýewi prezidenti agdarmaga synanyşykda we mafiýa häsiýetli jenaýatlarda aýyplap, oňa gaýybana höküm çykardy.

Kongresi “hakyna tutuş”

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) hem-de onuň ozalky giýewisi Rahat Alyýew
Rahat Alyýewiň hem lobbileriň kömegi arkaly öz bähbitlerini aramak üçin Waşingtondan resmi kömegi almaga çalşandygy aç-açan aýdylan maglumatlardan bellidir. ABŞ-nyň lobbirlemek deklarasiýasy baradaky kanunynyň esaslarynda ýaýradylan ýaňy-ýakyndaky maglumatlara görä, Rahat Alyýewiň hakyna tutan firmalarynyň biri çaklaňja Waşington lobbileriniň biridir. “RJI Government Strategies Inc” atly bu firmada Tanýa Raholl konsultantlyk edýär. Ol wekiller palatasynyň deputaty Nik J. Rahollyň (Günbatar Wirjiniýa okrugy) uýasydyr.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň interwýu almak üçin oňa telim sapar çykandygyna garamazdan, bu iş başa barmady. Ol RFE/RL-niň haýyşlaryna ses bermedi.

Oňa derek Rahat Alyýew Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky býurosyna gizlin telefon belgisinden jaň etdi. Onuň haýsy ýurduň çägindeligi mälim bolmady. Rahat Alyýew bu lobbistik kompaniýasynyň özüne onçakly netije bermändigini aýtdy.

— Özüm hakda, Merkezi Aziýada nämeleriň bolup geçýändigi hakda hakykaty aýtmak maksady bilen Kongresi hakyna tutdum. Men çaklaňja lobbist firmalarynyň birini hakyna tutdum. Gynansak-da, olar doly derejede netije gazanyp bilmediler. Nursoltan Nazarbaýew bilen dawa-jenjelimiň barşynda häzirki wagtda her dürli görnüşdäki araçylaryň, lobbileriň (olaryň arasynda ak, çal, garasy bar) köp sanlysy döredi. Olar birbada iki tarapa-da deň işleýärler, hatda käbiri üç tarapa-da işleýär — diýip, Rahat Alyýew aýdýar.

Jemgyýet üçin açyk habarlar serişdelerinde Rahat Alyýewiň hakyna tutan lobbileri bu iş boýunça düşündiriş bermekden saklandylar.

Ýakynda, iki garşydaşyň arasyndaky aldym-berdimli göreşiň barşynda Nursoltan Nazarbaýewiň hökümeti Rahat Alyýewiň Awstriýadan ekstradisiýa edilmegi barada ikinji gezek talap bildirdi. Gazagystanyň häkimiýetleri Rahat Alyýewi golaýda jesetleri Almatydan uzakda bolmadyk ýerden tapylan iki sany bankiri 2007-nji ýylda ogurlamakda we öldürmekde günäleýärler.

Awstriýanyň sudy sebäbini jemgyýetçilige düşündirmezden, mundan ozal ekstradisiýa etmekden ýüz öwrüpdi. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň haýyşyna Awstriýanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň wekili: “Jenap Alyýew indi Awstriýada ýaşanok” diýip jogap berdi.

Şonuň bilen bir wagtda häzir Rahat Alyýewiň garyndaşlary ABŞ-nyň okrug suduna örän uly talapnamany hödürleýärler. Olar — Dawinçi bilen Issam Horani. Olar Gazagystanyň häkimiýetleriniň haýryna işlän birnäçe lobbiste ýitgileriň ýeriniň dolmagynyň hasabyna iki milliard dollar talapnama bildirdiler. Talapçylar Gazagystanyň adyndan işlän konsultantlaryň mundan dört ýyl ozal Rahat Alyýewi goldandyklary üçin ar almak maksady bilen häkimiýetlere öz emläklerini almaga kömek edendiklerini tassyklaýarlar. Issam Horani Beýik Britaniýanyň raýaty, ol Rahat Alyýewiň aýal doganynyň adamsy.

Töleg geçirildimi?

Gazagystantyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Ýerlan Idrisow
Bu talapnamanyň ünsi çekýän aýratynlygy bardyr. Talapçylaryň subutnama hökmünde getiren hatynda Gazagystanyň ABŞ-daky ilçisi gazak häkimiýetleriniň adyndan ABŞ-nyň Kongresiniň agzalaryna töleg geçirýän ýaly görkezilipdir.

2010-njy ýylyň noýabrynda iberilen hatda “Gazagystanyň dostlary” diýlip atlandyrylan Kongresiň toparynyň işi suratlandyrylýar. Tassyklaýyşlaryna görä, ol Gazagystanyň ilçihanasy tarapyndan “döredilipdir”. Hatyň mazmunyna laýyklykda “Gazagystan Respublikasynyň ilçihanasy walýuta görnüşinde döredilen ýörite gaznadan olaryň gaznasyna bölüp geçirmek arkaly olary maliýeleşdirýär”.

Gazagystan bu haty galplaşdyrylan diýip yglan etdi hem-de özleriniň mamladygyny tassyklamak üçin ekspert şaýatlaryň aýdanlaryny mysal getirdiler. Ýöne Gazagystanyň häkimiýetleri lobbileriň hyzmatlaryna ýüzlenendiklerini gizläp durmadylar.

“Gazagystan hakykatdanam, konsultantlary, şol sanda Birleşen Ştatlardanam konsultantlary hakyna tutdy — diýip, Gazagystanyň ABŞ-daky ilçisi Ýerlan Idrisow “The New York Times” gazetinde makala çap bolansoň, şu gazete iberen jogabyndaky düşündirişinde ýazýar. — Bu biziň nukdaý nazarymyzy düşündirmek üçin gerek. Prezidentiň tankytçylarynyň “Gazagystan diktatura hasaplanylýar” diýen toslamany tekrarlap duran mahallary, munuň özi olara jogapdyr. Bular umumy ykrar edilen tejribedir”.

2-nji iýunda Waşingtonyň “Hökümet işiniň monitoring boýunça proýekti” HDDG-si (Hökümete degişli däl gurama) ABŞ-nyň Baş prokuraturasyny derňewe başlamaga çagyrdy. Bu gurama “Gazagystanyň häkimiýetleriniň Kongresiň agzalaryna täsir etmek üçin gazna döreden bolmaklarynyň mümkindigi” barada alada bildirdi. Guramanyň eksperti Jeýk Weýnse görä, eger-de Gazagystanyň ilçihanasynyň aýdylýan haty hakyky bolsa, onda munuň özi, ynjalyksyzlanmaga esas berýär.

— Eger-de dokument hakyky bolsa, ol hökümetiň Kongresiň agzalaryny bikanun maliýeleşdirýänliginiň alamatydyr, munuň özi iňňän çynlakaý fakt hasaplanylýar. Sebäbi syýasatda puluň hakykatdanam, ähmiýeti bar. Şu zatlara anyk göz ýetirmegimiz üçin nämeleri aňşyrmak gerek? Olar hakykatdanam, kanun çykaryjylardan fraksiýa döretdilermikä? Olaryň hakyna tutan lobbileri bu fraksiýanyň ýolbaşçylaryny puldan tonnalap doýurmasalar-da, garaz, ýoňsuzja serişdeler bilen agyzlaryny ýagjartdylarmyka? — diýip, Jeýk Weýns aýdýar.

Aslynda daşary ýurt hökümetleriniň ýa-da şahsy raýatlaryň ylmy-barlag guramalaryna we akademiki edaralara pul geçirmek arkaly ABŞ-nyň paýtagtyndaky syýasatyna täsir ýetirmeginiň öňüni almak üçin ullakan bir zat edip bolanok. Bu guramalar jemgyýetçilik çekişmeleriniň gidişine itergi berip bilýärler we gerekli ýurtlary hakynda amatly pikirleri emele getirip bilýärler.

Göreş we strategiýa

Täze demokratiýalar Institutynyň ýerine ýetiriji direktory Margarita Assenowa
Şu ýylyň başynda Nursoltan Nazarbaýew Gazagystandaky prezident saýlawlarynda sesleriň 95,5 prosentini ýygnady. Şeýle resmi netijelere el çarpmaga taýýar kişileriň arasynda iki sany Waşington guramasy tarapyndan döredilen ýörite toparyň agzalaryny-da görmek mümkin.

Strategiýa we halkara seljermeler Merkezi we Täze demokratiýalar Instituty iki ýyl mundan ozal Gazagystanyň häkimiýetlerinden ýurduň demokratiýa tarap nähili ýöräp barýandygy barada makalalar tapgyryny ýazmak üçin 290 müň dollar aldylar. Bu maglumatlar eurasianet.org neşirinde çap edildi.

Şu ýylyň başynda Täze demokratiýalar Institutynyň ýerine ýetiriji direktory Margarita Assenowanyň ýazanlaryndan şeýle mysal getirdiler: “Nursoltan Nazarbaýewiň Gazagystandaky parahatçylyga, durnuklylyga, ykdysady ösüşe we etniki sazlaşyga gönükdirilen parasatly syýasatynyň gadyryny bilýän ilat munuň yzygiderli dowam etmegini isleýär”.

Tersine ÝHHG Gazagystanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynyň netijelerine tankydy bellikler bilen çykyş etdi we “Hakyky erkin saýlawlary geçirmek üçin entekler reformalaryň durmuşa geçirilmelidigini” belledi.

Pýotr Afanasenko barada aýdylanda, onda ol Rahat Alyýewiň işini Awstriýanyň sudunda soňuna çenli alyp gitjekdigini wada berýär. Rahat Alyýew bu aýyplamalary “şahsyýete degiji töhmet” diýip atlandyrdy we bu betlagam işleriň Gazagystan häkimiýetleriniň özüni garalamak babatdaky nobatdaky dow-dowudygyny aýtdy. Gazagystanyň ýörite gulluklarynyň Pýotr Afanasenkony häzir hakyna tutandyklary barada özünde maglumatlaryň bardygyny-da ol habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde “Ykdysady we syýasy seljermeler boýunça Halkara Ýewraziýa instituty” atly gurama (ol Pýotr Afanasenkonyň ABŞ-a saparyny guramaga ýardam etdi) beýleki agramly görünýän guramalardan tapawutlylykda has ýönekeýje görünmäge çalyşýana meňzeýär. Gurama öňki sowet raýaty, ozal Gazagystanyň oppozisiýa lideri Akejan Kajegeldin bilen baglanyşykly bolan Rinat Ahmetşin baştutanlyk edýär. Pýotr Afanasenko-da öz döwründe Kajegeldiniň janpenasy bolupdy.

Pýotr Afanasenkonyň saparyny maliýeleşdiren Rinat Ahmetşin bu sowala düşündiriş bermekden ýüz öwürdi. Ol diňe Pýotr Afanasenkonyň “özüniň köne dostudygyny, Belgiýanyň raýatydygyny we onuň häzir Gazagystan bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny” ýazmak bilen çäklendi.

Rinat Ahmetşin bilen onuň guramasynyň saýtda görkezilen telefony boýunça gürleşmek başa barmady. Saýtda onuň Waşingtondaky adresi görkezilse-de, onuň ofisinden derek tapylmady, dogrusy, saýtyň özüniňem bir wagt ysgyny gaçypdyr. Rinat Ahmetşin elektron poçta boýunça özüniň institutynyň bäş-alty ýyl mundan ozal başga ýere göçendigini habar berdi.

Gazagystanyň prezidenti bilen onuň azaşan giýewisiniň arasyndaky özara çaknyşyk, görşümiz ýaly, bäri-bärde gutarjaga meňzänok.
XS
SM
MD
LG