Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ol erkin döwlet isledi


Abdy Kulyýew 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde aradan çykdy we şol ýerde jaýlandy.
Abdy Kulyýew 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde aradan çykdy we şol ýerde jaýlandy.
Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri A.Kulyýew
30-njy iýul Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri, soňraky Türkmenistan fondunyň başlygy Abdy Kulyýewiň doglan güni. Ol Türkmenistanyň demokratik hem ösen döwlet bolmagy ugrunda jan çekenleriň biri.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally bu barada Abdy Kulyýewiň ruhy egindeşi, Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görülýän şu günlerde bu uly ýeňşiň şah-şöhratyny bir ýa-da iki adamyň ady bilen dabaralandyrmak dogry bolarmy?

N. Nurmämmedow: Elbetde, bu baýramçylygy bir ýa iki adamyň ady bilen dabaralandyrmak bolmaýar. Has dogruragyny aýtsak, owaly bilen şol iki adamyň Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny almagynya näçe goşant goşanlygy barada gürlemelimikä diýýän. Onsoň soňky işler barada hem şonuň netijesinde olaryň şu baýramçylyga bolan dahyllylygynyň bahasy kesgitlenmeli.

H. Hally: Ýöne ähli adamy biraýakdan sürüp bolmaz. Ol resmileriň arasynda Türkmenistanyň garaşsyzlygy ugrunda jan çekenleriň bolandygyny-da aýtmak gerek.

N. Nurmämmedow: Türkmenistanyň berkakarlygy üçin göreşenleriň içine Abdy agany hem hökman goşmaly.

H. Hally: Sen bu ýerde Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulyýewi göz öňünde tutýan bolsaň gerek. Elbetde, onuň täze türkmen diplomatiýasyny ýola goýmakda bitiren hyzmatlary uly bolupdy.

N. Nurmämmedow: Abdy Kulyýewiň diplomatiýa ugrundan bitiren hyzmatlary barada gürrüň etmezden ozal, şol döwürdäki türkmen hökümetini düzýän adamlaryň hünärmentlik ýagdaýy barada aýdasym gelýär. Abdy aga türkmen hökümetine 1990-njy ýylyň maý aýynda goşulýar. Abdy aga türkmen hökümetine hakyky hünärment bolup girdi. Ol Sowet Soýuzynyň diplomatik korpuslarynda dürli wezipelerde işledi, baý tejribe gazandy. Ol öz tejribesini türkmen döwleti üçin ulanmak isledi. Ol türkmen hökümetinde öň bolmadyk wezipäni täzeden döretdi, bolmadyk işi täzeden gurnady hem ýola goýdy.

H. Hally: Abdy Kulyýewiň Garaşsyz Türkmenistanyň daşary işler ministri bolan ilkinji döwürlerine beletçiligiň barmy?

Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow
N. Nurmämmedow: Abdy agany men ilki-ilkiler daşyndan, onuň telewizion çykyşlaryndan tanaýardym. Onuň bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak maňa 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda miýesser etdi. Şol döwürde men Moskwanyň “Memorial” jemgyýetine çagyrylypdym. Onsoň o taýdanam Polşa konferensiýa gidipdim. Polşadanam men Germaniýa, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gitmelidim. Emma maňa Polşadan Germaniýa geçmek başartmady. Şonuň üçin Aşgabada gelip, wiza aljak boldum. Meniň Daşary işler ministrligine barmalydygymy aýtdylar.

Daşary işler ministrliginde maňa Abdy Kulyýew garaşýan eken. Ol meni öz kabinetine çagyrdy. Şo ýerde-de ep-esli wagta çeken ikiçäk gürrüň boldy. Şonda Abdy aga, meniň pikirimçe, hökümet işgäri hökmünde maňa diýmeli zatlaryny diýdi. Ol meni tanaýandygyny aýtdy. Biziň “Agzybirlik” halk hereketimiziň “daşary ýurt razwedkalary tarapyndan gurlan iş netijesinde Sowet Soýuzynyň dargamagyna gatnaşanyna” gynanýandygyny aýtdy.

Şuňa meňzeş başga-da kän zatlary aýtdy. Men oňa şol gürrüňiň Abdy aganyň ýüreginden çykmaýandygyny hem-de Abdy agadan başga zatlara garaşylýandygyny, onuň ýeriniň häzirki demokratik däl ýa demokratik ugur bilen gitmeýän hökümetde däl-de, “Agzybirlik” halk hereketi bilen bir ugurdadygyny, onuň “Agzybirlik” halk hereketine gelmelidigini aýtdym. Ony çagyrdym.

Şondan soň men özümiň wiza üçin gelenimi aýtdym. Ol ýylgyrdy-da: “Nurberdi, wiza berilmejegini bilýänsiň-ä?” diýdi. Şondan ýarym ýyl geçenden soň, meniň ýanyma bir tanyş ýaşulym geldi. Ony Abdy aga iberipdir. Ol adam Abdy aganyň işden çykandygyny, häzir meniň bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy.

Şonda Abdy aga Saparmyrat Nyýazowyň alyp barýan ugry bilen ylalaşman, onuň iş gurnaýşy bilenem ylalaşman, arza berip işden çykandygyny aýtdy. Men şonda Abdy aga “Agzybirlik” halk hereketiniň başlygy bolmagy teklip etdim. Häzir “Agzybirlik” halk hereketine Abdy aganyň baýdak bolmalydygyny aýtdym. Abdy aga meniň bilen ylalaşdy. Şondan soň men öz işim boýunça 3-4 günlük komandirowka gitmeli boldum. Gaýdyp gelenimde, “Abdy aga Moskwa gitdi” diýdiler. Birnäçe wagt geçenden soň Moskwada Abdy aganyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan fondunyň döredilendigi barada habar geldi.

H. Hally: Syýasatçylar üçin halkyň ynamyny gazanmak iň möhüm şertleriň biri saýylýar. Şu babatda Abdy Kulyýewe halk köpçüliginiň ynamyny gazanyp bildi diýip bolarmy?

N. Nurmämmedow: Meniň pikirimçe, Abdy Kulyýew halk köpçüliginiň ynamyny hem söýgüsini eýýäm Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesinde wagty telewideniýede eden çykyşlarynyň üsti bilenem gazanyp bilipdi. Telewideniýede gerek bolsa iňlisçe, gerek bolsa arapça, gerek bolsa türkmençe gürläp oturyşy ony beýleki döwlet işgärlerinden düýpli tapawutlandyrýardy.

Üstesine-de, Abdy aganyň gürleýşi hemme ugurdan ýerlikli hem sowatlydy. Halkyň bähbidi üçin, ýurduň bähbidi üçin, aňyrsy näbelli bolan jemgyýetçilik işine gatyşmagy halkda oňa bolan ynamy hem ösdürdi, onuň abraýynam artdyrdy. Halkda oňa söýgi döredi. Halk öz geljegini Abdy Kulyýewiň işlerine baglady.

H. Hally: Indi şonuň bilen birlikde, Abdy Kulyýewiň demokratik hereketleriniň aýratynlyklary nämede?

N. Nurmämmedow: Ol öz işini haýsam bolsa bir şahsyýetiň, diýeli, Nyýazowyň garşysyna däl-de, ýalňyş ugur bilen barýan sistemanyň garşysyna alyp barýardy. Ol türkmen döwletiniň dogry ýoldan gitmegi üçin göreşdi. Şeýle hem Abdy aga kişiniň sözüni diňlemegi başarýan adamdy. Abdy aga bilen islendik mesele boýunça gürleşip, barlyşyksyz jedele gelen ýerimiz bolmady. Onuň islendik zada özüçe garaýşy bardy. Meselem, demokratiýa hem Sowet Soýuzy diýen düşünjeler boýunça onuň pikiri biziňkiden kä wagt üýtgeşik gelýärdi. Ol Sowet Soýuzynyň ýetişdiren kadrydy. Emma ol öz üstünde işläp bilýän hem täze düşünjeleri kabul edip bilýän adamdy.

H. Hally: Indi gürrüňimizi jemläp, Abdy Kulyýewiň ömrüniň soňky günlerine geleli.

N. Nurmämmedow: Abdy Kulyýew 1998-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistana gelipdi. Şol mynasybetli birnäçe pajygaly waka ýüze çykdy. Netijede, Abdy Kulyýew yzyna gaýtmaly boldy. Şol günlerdäki Abdy aga bilen duşuşyklarymyz biziň iň soňky duşuşygymyz bolupdy. Ýöne Abdy aga bilen wagtal-wagtal telefon üsti bilen gürleşýärdik. Soňky telefon gürrüňimiz 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda bolupdy. Şonda biz kän zatlar barada gürleşdik. Abdy aga gaty ýarawsyz eken. Men oňa saglyk arzuw etdim. Şondan soňam bir gezek gürleşdik.

2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde daňdan sagat alty töwereklerinde Akmuhammet Welsapar maňa jaň etdi hem-de Abdy aganyň [medisina] operasiýa wagtynda dünýäden ötendigini aýtdy. Bu meniň üçin örän agyr habar hem uly ýitgi boldy. Bu, meniň pikirimçe, bütin türkmen halky üçin agyr ýitgi boldy. Wagt geler, Abdy aga öz Watanyna getiriler. Abdy aganyň abraýy, hormaty özi dünýäden ötensoňam halk tarapyndan berk tutulýar.

Abdy Kulyýew 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde aradan çykdy we şol ýerde jaýlandy.

Abdy Kulyýewiň halka iň soňky ýüzlenmelerinden biri
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:40 0:00


Abdy Kulyýewiň gysgajyk ömür ýoly

Abdy Kulyýew 1936-jny ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabadyň eteginde dünýä inýär. Orta mekdebi ýokary bahalar bilen gutaryp, Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini üstünlikli tamamlaýar. 1960-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutyna işe girýär. Dürli sözlükleri taýýarlamaga gatnaşýar. Ol filologiýa ylymlarynyň kandidatydyr.

Moskwadaky Aziýa halklarynyň institutyny tamamlandan soň, SSSR-iň Ýakyn Gündogardaky ilçihanalarynda işleýär. 1990-njy ýylyň ortalaryndan Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesine bellenýär. 1992-nji ýylda hem ol bu wezipeden öz arzasy bilen çekilýär. Soňra oppozisiýa işleri bilen meşgullanýar. Ol ençeme makalaryň hem ýatlamalar kitabynyň awtorydyr.

Abdy Kulyýew 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde aradan çykdy we şol ýerde jaýlandy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG