Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Hama şäherinde onlarça adam ölüpdir


Siriýanyň Hama şäherini şenbe güni gije harbylar tank bölümleri bilen eýelände, şäheriň onlarça ýaşaýjysy öldi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň soňky maglumatyna görä, 40-dan gowrak adam heläk bolupdyr.

Hama şäheriniň gabawy bir aý töweregi dowam etdi. Hut şu şäherde soňky dört aýda Başar al-Assadyň režimine garşy iň uly protest aksiýalary geçirildi.

Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklaryny goraýan guramasy nähoşlaryň sanawy barlananda hem Hama şäheriniň ýaşaýjylarynyň şaýatlyk etmeginde ölenleriň atlary anyklandy diýip, habar berdi.

Ýöne bu maglumatlary häzirlikçe garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Beýleki bir adam hukuklaryny goraýan gurama ýurduň gündogaryndaky Deýr-ez-Zor şäheri minomýot okuna tutulanda, şenbe güni gije alty ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi. Bu maglumaty-da häzirlikçe tassyklamak mümkin däl.

Bar bolan maglumatlara görä, Siriýada hökümete garşy demonstrasiýalar başlanaly bäri geçen dört aýyň içinde 1,800-den gowrak adam heläk bolupdyr. Olaryň bir ýarym müňi Başar al-Assadyň režimine garşy protest aksiýalarynda howpsuzlyk güýçleriniň esglerleri tarapyndan atylyp öldürilen graždan adamlardyr.
XS
SM
MD
LG