Sepleriň elýeterliligi

Siriýada oppozisiýa tarapdarlaryndan 60 adam öldürildi


Ýekşenbe güni Siriýada tutuş ýurt boýunça harbylar we howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri bilen çaknyşyklarda oppozisiýa tarapdarlaryndan onlarça adam öldürildi.

“Associated Press” agentligi ýerli aktiwistlere we gözi bilen görenlere salgylanmak bilen 60-dan gowrak adamyň ölendigini habar berýär.Harbylaryň ylaýta-da Hama şäherinde gazaply hereket edendigini belleýär. Hama şäheri prezident Başar al-Assadyň iş başyndan çekilmegini talap edýän protest aksiýalarynyň merkezi hasap edilýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar ilatyň garşysyna zorluklaryň güýçlenmegini şu gün başlanýan musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynda köpçülikleýin protest aksiýalaryň güýçlenmeginden siriýa häkimiýetleriniň gorkýandygy bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG