Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada 13 adam heläk boldy


Owgan häkimiýetleri ulagly bombaçynyň ýekşenbe güni Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahyň polisiýa stansiýasynyň derwezesiniň agzynda özüni partladyp, 12 polisiýa ofiserini we bir çagany öldürendigini aýdýarlar.

Helmand welýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Dawud Ahmadi polisiýa stansiýasynyň diwarynda ullakan deşik galdyran partlamada, ölenlerden başga, 12 adamyň ýaraly bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Talybanyň” sözçüsi bu hüjümi özleriniň gurnandygyny aýtdy.

Ýakyn wagta çenli Helmand welaýatynyň merkezinde howpsuzlygy NATO-nyň goşunlary üpjün edýärdi. Birnäçe hepde mundan öň şol ygtyýarlyk owgan güýçlerine we polisiýasyna geçirilipdi.

NATO 2014-nji ýylyň ahyryna çenli tutuş Owganystan boýunça howpsuzlygy üpjün etmegi owgan häkimiýetlerine tabşyrmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG