Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň bergisi meselesinde pozisiýalar ýakynlaşýar


Birleşen Ştatlaryň Senatynda azlyk respublikanlaryň lideri Mitç MakKonnell döwlet bergisiniň möçberini artdyrmak meselesinde demokratlar bilen pozisiýalarynyň ýakynlaşýandygyny habar berdi.

“Men Senatdaky Respublikan partiýanyň agzalaryna demokratlar bilen ylalaşyk baglaşmagy teklip etmäge juda ýakyn bardym” diýip, MakKonnell CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Senatoryň sözlerine görä, respublikan liderleriniň prezident Barak Obama bilen býujet gytçylygyny azaltmak barada maslahat edýän plany goşmaça salgyt girizmegi göz öňünde tutmaýar, ýöne muňa demokratlar aýak diräpdi.

Hut krizise garşy çärelere çemeleşmäniň dürlüligi üçin kanun çykaryjylar döwlet bergisiniň möçberi barasynda ylalaşyp bilmeýärler.
XS
SM
MD
LG