Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda göknar eken pensioner saklandy


Gazagystanda mellegine 350 düýp göknar eken 63 ýaşly pensioner aýal saklandy.

Demirgazyk Gazagystandaky Kustanaý welaýatynda ýerli polisiýa Jenaýat kodeksiniň 262-nji maddasy esasynda bu aýalyň garşysyna neşe öndürmek maksady bilen bikanun göknar ekeni üçin jenaýat işini gozgap biler. Şol jenaýat maddasy 8 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Pensioner polisiýa göknar tohumyny çörek bişirende ulanýandygyny düşündirdi. “Göknar tohumyny bazardan alsaň bolmaýarmy?” diýip, polisiýanyn beren soragyna ol: “Öz mellegimde bitýärkä, näme üçin men ony satyn almaly?” diýip, jogap berdi.
XS
SM
MD
LG