Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Hytaýda bolan çaknyşyklarda 12 adam öldi


Hytaýyň Sinhua habarlar gullugy ýekşenbe güni Sinszýan awtonom uýgur sebitinde bolan zorlukly hadysalarda azyndan 12 adamyň öldürilendigini aýdýar.

“Sinhua” polisiýanyň Kaşgar şäherinde güman edilýänleriň bäşisini atyp öldürendigini, üçüsini bolsa tussag edendigini ýazýar.

Resmi habar gullugynyň ýazmagyna görä, Kaşgarda iki sany adam sürüjini pyçaklap, ýük maşynyny alyp gaçypdyr. Olar pyýadalaryň üstünden sürüp, soň maşyndan böküpdirler.

Azyndan 7 adam, şol sanda hüjümçileriň biri öldürilipdir, 28 adam bolsa ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG