Sepleriň elýeterliligi

Eýran Hindistan bilen töleg dawasynyň çözülendigini aýdýar


Eýranyň Nebit ministrligi Hindistan bilen 5 milliard dollardan gowrak nebit tölegi baradaky dawalarynyň çözülendigini aýtdy.

Milli nebit kompaniýasynyň direktory Ahmad Kalebani “ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň, iki tarap hasaplaşyk meselesini mümkin boldugyça çalt çözmek barda ylalaşyga geldiler” diýdi.

Kalebani bergileriň bir böleginiň gelýän birnäçe günüň dowamynda tölenjegini aýtdy. Şeýle-de ol Hindistana edilýän nebit eksportunyň dowam edýändigini belledi.

Hindistan Eýranyň Hytaýdan soň nebit eksport edýän ikinji uly ýurdudyr. Emma töleg bökdençligi Eýranyň iýun aýynda Hindistana duýduryş bermegine we awgustdan başlap nebit ibermesini kesjegini aýtmagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG