Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada 140-a golaý adamyň öldürilendigi aýdylýar


Aktiwistleriň aýtmagyna görä, siriýa goşunlarynyň Hama şäherine zabt eden güni mart aýynda başlanan protestlerden bärde bolan iň ölüm-ýitimli gün boldy.

Goşun demokratiýaçy demonstrantlary pytratmak üçin ýekşenbe güni, daňyň öňüsyrasynda Hama şäherine zabt edende, onlarça oppozisiýa esgeri, eli ýaragly, goranyşa geçdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, goşun Hamanyň girelgesinde ýaragly toparlar tarapyndan gurlan barrikadalary aýyrmaga synanýardy.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary obzerwatoriýasynyň başlygy Rami Abdel Rahman bu günüň öz ýurdunda iň kän adam öldürilen günleriň biri bolandygyny aýtdy.

Onuň guramasy öldürilenleriň azyndan 136 bolandygyny, wepat bolanlaryň köpüsiniň Hamadandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG