Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak amerikan F-16 söweş uçarlaryny satyn alýar


Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki Amerikada öndürilýän F-16 söweş uçarlarynyň 30-dan gowragyna satyn almak baradaky gepleşikleri çynyrgadandygyny aýtdy.

Maliki Bagdatda žurnalistlere bu ylalaşygyň ilki 18 sany uruş uçaryny almak baradaky gepleşiklerden başlanandygyny aýtdy. Emma indi alynjak uçarlaryň sany 36 barypdyr.

Şeýle-de Maliki Yrak geljekki goranyş şertnamalaryna, şol sanda tälim beriş üpjünçiligi baradaky kontraktlara gol çekişmegi haýyş eder diýdi. Bu bolsa öz gezeginde amerikan güýçlerine ýyl ahyryndaky çykyş möhletinden soň hem ýurtda saklanmaga şert döreder.

Amerikan komandirleri yrak güýçleri içerki howpsuzlygy berjaý edenlerinden soň, Yragyň howa giňişliginiň, territorial suwlarynyň we serhetleriniň goragyny hem güýçlendirmeli bolar diýýärler.
XS
SM
MD
LG