Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da bergi çägi boýunça ylalaşyga gelindi


Prezident Barak Obama Kongresdäki bäsdeş demokratik we respublikan partýalarynyň syýasatçylarynyň Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky ilkinji hökümet defoltunyň öňüni almak barada ylalaşyga gelendiklerini aýdýar.

“Ol ýerde entegem Kongres agzalarynyň örän möhüm ses berişlikleri bar, ýöne men partiýalaryň Kongresiň iki palatasyndaky liderleriniň defisiti azaltmak we defoltdan sowulmak barada ylalaşyga gelendigini yglan etmek isleýärin, defolt biziň ykdysadyýetimize ýykgynçylykly täsir ederdi” diýip, Obama aýtdy.

Obama bu beýanaty Waşingtonda ýekşenbe güni agşamlyk, Aziýada duşenbe güni irden, bazarlaryň açylyp başlaýan wagtynda etdi.
XS
SM
MD
LG