Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gowaçalara näme sepmeli?


Möwlamow: "Hökümet daýhanlaryň gowaçalaryna zyýanly mör-möjekleri ýok edýän dermanlary sepip bermegi, defoliasiýa geçirip bermegi öz üstüne almalydyr".

Möwlamow: "Hökümet daýhanlaryň gowaçalaryna zyýanly mör-möjekleri ýok edýän dermanlary sepip bermegi, defoliasiýa geçirip bermegi öz üstüne almalydyr".

“Türkmenistan” gazetiniň 5-nji iýul sanynda gazetiň öz habarçysy Hudaýberdi Mätjumaýewiň “Gowaçalar synag edilýär” diýen makalasy ýerleşdirilipdir. Makalada soňky döwürde ylmyň gazananlarynyň türkmen daýhanlarynyň gowaça meýdanlarynda synag edilişi hakda gürrüň berilýär.

Synag edilýän ýer Türkmenistanyň Gahrymany Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine degişli gowaçaly meýdanlar. Awtoryň ýazmagyna görä, bu paýdarlar jemgyýeti Daşoguz welaýatynyň Nyýazow etrabynda-da, hatda welaýatda-da iň bir öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolup durýar.

“Pagtaçylar gowaça düşýän möjekler bolan şirejä, ak ganatlylara garşy täze çykan dermanlary ýerlikli ulanýarlar. “Resume-f-t00” diýen derman bilen dermanlanyp ekilen çigit gögerip çykandan soň, iki aýa çenli onuň golaýyna tripe, şireje barmaýar” diýip, makalanyň awtory belleýär.

Şeýle hem awtor bu pagtaçylyk hojalygynda pagtanyň açylyşyny çaltlandyrmak üçin “Efhun” atly dermanyň-da ulanylýandygyny ýazýar. “Efhun” sepilen meýdanyň pagtasy adatdakysyndan 15-20 gün öň açylýar, bu ýagdaý olary maşyn bilen tiz ýygyp almaga mümkinçilik berýär” diýip, awtor öň bu hojalykda baş agronom bolup işlän, häzirki döwürde paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Kamil Rozmetowyň täzelikçi hem işeňňir adamdygyny ýazýar.

Gowaça gowaça bolýar. Ýurt garaşsyz bolmanka-da, garaşsyz bolansoň hem gowaçanyň şol bir ýagdaýy. Oňa garaşsyzlygyň hiç bir täsiri ýok. Ol mydama möjekleýär. Möjeklerden onuň ýagysy örän köp. Munuň şeýledigine gürrüňini edýän şu makalamdan hem göz ýetirip bolýar. Diýmek, gowaçalara örän gowy gözegçilik gerek. Aýratyn-da olary zyýanly mör-möjeklerden saplamak üçin gözegçilik gerek.

Özüni oňarýanlar gowaçalary zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin her hili tilsim ulanyp görýärler. Emma daýhanlaryň aglaba bölegi hiç bir paýdarlar jemgyýetine, alym ýolbaşça degişli bolmadyk, özbaşyna kärende ýeri alan adamlar. Olar özleriniň ösdürip ýetişdirýän gowaçalaryna gürrüňini edýän makalamda agzalyp geçilýän dermanlary sepip bilmeýärler. Şeýle bolansoň, olara gowaçalary ösdürip ýetişdirmegem, olardan hasyl almagam gara görgi.

Köp kärendeçiler gowaçalary zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin aram-aram el bilen awuly dermanlary sepip durýandyklaryny gürrüň berýärler. Daýhan hojalyklarynda gowaçalara zyýan salýan mör-möjekleriň garşysyna awuly dermanlary traktor bilen sepýändiklerini, bu işiň bolsa şemala dermanyň tozanlamagynyň netijesinde traktorçynyň gözüni alýandygyny, traktor bilen gowaçalara derman sepeni üçin özüniň-de gözüniň mydama gyzaryp, ýaşaryp durýan hala düşendigini, soňky wagtlarda gözüniň görşüniň-de ugrunyň ýokdugyny traktorçy bolup işlän bir daýhan gürrüň berýär.

“Defoliasiýa”

Gowaçalaryň ýapragy derman bilen düşürilende pagtanyň ir ýetişýändigi, onuň maşyn bilen ýygmak üçin amatly bolýandygy şu, gürrüňini eden makalamda aýratyn bellenýär. Şeýle ýagdaý diňe bir alym ýolbaşçynyň hojalygynda däl, eýsem, ýurduň ähli pagtaçy daýhanlarynyň gowaça meýdanlarynda döremeli. Munuň üçin bolsa, dermanlary traktor bilen däl-de, samolýot bilen sepmeli.

Emma bu meseläniň ýylyň-ýylyna gozgalyp, aýdylyp gelinýänligine seretmezden, ýurduň oba hojalyk ýolbaşçylarynyň gulagyna gep ýetmeýär. Olar hut piliň gulagynda uklaýan ýaly. Aýt, aýtma, olar üçin parhy ýok. Samolýot bilen derman sepilmegi gowaçalary ýaşajykka mör-möjeklerden goramak üçin ulanylýan dermany-da aradan aýyrýar.

“Defoliasiýa” diýlip atlandyrylýan — samolýot bilen derman sepme bütin ýylyň dowamynda gowaça meýdanlaryny-da, şahsy hojalyklaryň ekinlerini-de zyýanly mör-möjeklerden goraýar. Hatda güýzde — pagta ýygymynyň öň ýanynda samolýot bilen sepilýän derman sebäpli geljek ýylyň ýaz aýynda gögerip çykýan gowaçalara-da zyýanly mör-möjekler aralaşyp bilenok. Sebäbi samolýot bilen sepilýän derman hatda ýeriň goýnundaky mör-möjeklere çenli ýok edýär. Emma şeýle-de bolsa, ýolbaşçylar bu usuly peýdalanmasyny azaltdylar. Kimler bu usulyň az peýdalanylmagyny ýurtda derman sepiji samolýotlaryň ýeterlik dälidigi bilen düşündirýärler, kimler bolsa şol samolýotlara erk edip bilýän lýotçikleriň azlygy bilen.

Ýurtda ençeme tekstil komleksleri guruldy. Olara pagta örän köp gerek. Ýurtdaky gurluş ýykylanda-da islendik gurluşdaky gowy zady peýdalanmak gerek. Sowet hökümeti döwründe kada giren — samolýot bilen gowaçalara derman sepmek usuly bol hasyly almagyň girewidi. Şol usul bilen gowaçalar örän goraglydylar.

Ýurtdaky kärendeçilik usuly göräýmäge bazar ykdysadyýetiniň şertleriniň berjaý edilýänliginden habar berýän ýaly bolsa-da, kärende hojalyklarynyň, kärendeçi daýhanlaryň barysy hökümetiň elinde. Olar hökümetiň görkezmesi boýunça gowaça ekip, hökümetiň görkezmesi boýunça-da hasyl ýygnaýarlar, eden işleri üçin hökümetiň öňünde hasabat berip durýarlar. Şeýle ýagdaýda hökümet olaryň gowaçalaryna zyýanly mör-möjekleri ýok edýän dermanlary sepip bermegi, defoliasiýa geçirip bermegi öz üstüne almalydyr.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG