Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýolbaşçylary paýtagtyň etegindäki Abadan şäheriniň golaý-goltumyndaky harby ammardaky partlamanyň agyr netijelerini ýurduň ilatyndan, dünýä jemgyýetçiliginden gizlejek bolup, abraýlaryny ýitirdiler.

Eger-de häzirki günlerde garaşsyz guramalar tarapyndan sosialogik pikir soraşmalar geçirilse, ýolbaşçylaryň halkyň ynamyndan gaçandyklaryny doly görkezerdi diýen pikiri ret etmek mümkin däldir. Emma olar utanman-uýalman, ýurduň mediasynda öz atlaryna alkyşly çykyşlary, hatlary çap etdirýärler. Bu meselede hökümetiň ideologlary tagalla baryny edýäne meňzeýär.

Netijede, "Watan" gazetiniň 9-njy iýuldaky sanynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri Şemşat Gazakowanyň adyndan "Ýurdumyzyň ähli pudaklaryndaky ösüşleriň sakasynda duran, döwletimiziň halkara abraýyny barha artdyrýan milli liderimiziň tutumly işleri mundan beýlägem rowaç bolsun" ýaly sözleri peýda bolýar.

"Aşgabat" gazetiniň 14-nji iýuldaky sanynda şäheriň Azatlyk etrabynyň ýaşulular geňeşiniň başlygy Çary Hajyýewiň adyndan "Alkyşymyz çäksiz", şäheriň ýaşaýjysy Bäşim Nurmyradowyň adyndan "Hakyň sylan Arkadagy" sözbaşyly minnetdarlyk hatlary çap edilýär. Şäheriň ýene bir ýaşaýjysy Aýgözel Öwezowanyň ady bilen ýerleşdirilen hat bolsa "Bagtdan paýly balalar" atlandyrylyp, onda "Tüweleme, gurjak gurulýan döwletimizde adyny tutan amatlygyň, arzuwlap boljak gowulyklaryň hakykat bolup durmuşymyza dolup dur" diýilýär.

Ýolbaşçylaryň ýüreklerine teselli bolýan şeýle öwgüler, alkyşlar, minnetdarlyklar "Watan" gazetinde "Halkyň ýürek owazy", "Aşgabat" gazetinde "Paýtagtlylaryň ýürek sözi" ýaly rubrikalarda berilýär. "Türkmenistan" gazetinde bolsa "Halkyň ýürek sözi" rubrika yzygiderli alnyp barylýar. Onuň 14-nji sanynda çap edilen üç hat hem beýleki neşirlerden hiç hili tapawutlanmaýar, olarda-da Abadan pajygasy agzalmaýar, "Arkadagyň" alyp barýan işleriniň dünýäde ykrar edilýändigi nygtalýar.

"Nesil" gazeti ýaşlaryň üçüsiniň adyndan aýtdyran alkyşlaryny "Waspy söze sygmaýan pursatlar" diýen sözbaşynyň astynda ýerleşdiripdir. Bu badyhowa sözbaşynynam ýeterliksiz hasaplap, onuň astyndanam "Özleri barada edilýän atalyk alada üçin ýaşlar hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar" diýen jümläni hem aýratyn tapawutlandyryp beripdir.

"Edebiýat we sungat" hepdeligi ýolbaşçylaryň göwnüne teselli bermekde hasam tapawutlanmaga çalyşýan ýaly. Hepdeligiň 14-nji iýuldaky sanynda berlen hatlaryň, çykyşlaryň depesinde goýlan "Hormatly Prezidentimiz halk bilen bir jan, bir tendir" diýen umumy sözbaşynyň özi nämä degmeýär?! Bu sözbaşynyň astynda Türkmenistanyň halk artisti meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýewden başlap, Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentine çenli jemi ýedi adama döwlet baştutanyň şanyna mahabat aýtdyrylýar. Iň geň ýeri olaryň ählisiniň-de hatlarymy ýa çykyşlarymy "Arkadagymyzyň ömri uzak, jany sag bolsun. Allatagala Arkadagymyzy penasynda aman saklasyn" diýen mynajat bilen tamamlanýar.

Bu, elbetde, türkmen žurnalistlerinden talap edilýän zat. Ýurduň mediasyndaky hatlar, çykyşlar bir elden çykan ýaly bolup görünýär. Ýöne olar ýolbaşçylaryň abraýyny dikeldip bilermikä?! Ine, mesele şunda.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG