Sepleriň elýeterliligi

Gazak nebitçileriniň protestleri dowam edýär


Häzir protestçileriň öňe sürýän esasy talaplarynyň biri hem hukukçy Nataliýa Sokolowanyň azat edilmegi.

Häzir protestçileriň öňe sürýän esasy talaplarynyň biri hem hukukçy Nataliýa Sokolowanyň azat edilmegi.

Gazagystanyň Mangystau (Maňgyşlak) welaýatynda nebitçileriň maý aýynda başlanan protestleri dowam edýär. Ýewropa Parlamentiniň birnäçe deputaty bu ýerde dörän dartgynly ýagdaýy zorluksyz çözmäge çagyryş etdi.

Ýewropa Parlamentiniň ýedi deputaty, şol sanda ýakynda Gazagystana sapar eden deputat Pol Merfi, 20-nji iýulda prezident Nazarbaýewiň adyna açyk hat ýollady. Bu hatda Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatynda nebitçileriň birnäçe aý bäri dowam edýän protestlerini asudalyk bilen çözüp, olaryň talaplaryna gulak asmaga çagyrdylar.

“Maňgyşlak welaýatynyň birnäçe şäherinde müňlerçe işçiniň gatnaşmagynda geçirilýän protestler bizi alada goýýar. Bize polisiýanyň asuda protestçileriň garşysyna güýç ulanýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Has-da Žanaözen şäherinde dörän ýagdaý bizi ynjalykdan gaçyrýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Nazarbaýewe ýüzlendiler

Ýewropa Parlamentiniň deputatlary prezident Nazarbaýewe Gazagystanyň halkara kanunlaryna laýyklykda öz raýatlarynyň hak-hukuklaryny berjaý edip, olary goramalydygyny ýatladýarlar. Şonuň üçin bu konflikti asuda ýol bilen çözmäge çagyrýarys diýlip, açyk hatda bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň žurnalistleri bu açyk hat bilen baglanyşykly prezident Nazarbaýewiň garaýyşlaryny bilmäge synanyşyp, birnäçe gezek prezidentiň edarasyna jaň etdiler. Emma prezidentiň metbugat bölüminde telefona jogap beren ýaş zenan bu mesele hakda özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Şu ýylyň maý aýynda Gazagystanyň “UzenMunaýGaz” kompaniýasynyň işgärleri öz aýlyk haklarynyň kemeldilmegine garşy protest bildirip, demonstrasiýalara başladylar. Proteste çykanlaryň arasynda Türkmenistandan göçüp baran gazaklaryň hem bardygy aýdylýar.

Gazagystanyň “Sosialistik garşylyk” hereketiniň ýolbaşçysy Aýnur Kurmanowyň aýtmagyna görä, Mangystau welaýatynda nebitçileriň geçirýän protestleri häzir has hem ýaýbaňlanýar. “Žanaözen şäheriniň nebitçilerini Kalamkas ýatakda işleýän nebitçileriň goldap, iş taşlaýyş yglan edendigini eşidensiňiz” diýip, Kurmaşew aýtdy.

Ýakynda Gazagystanyň parlamentiniň deputatlary birnäçe aýdan bäri protest geçirýän nebitçiler bilen duşuşyp, gepleşik geçirmäge synanyşdylar. Emma şeýle gepleşigiň bolandygy barada habar berilmedi.

Hukukçy tussag edildi

Iki aý mundan ozal protest çäresini geçirýän nebitçileriň lideri, “Karažanbas munaý” kompaniýasynyň işgärleriniň garaşsyz profsoýuzynyň, ýagny kärdeşler arkalaşygynyň ýuristi Nataliýa Sokolowa sosial duşmançylygy öjükdirmekde aýyplanyp, tussag edildi. 28-nji iýulda oňa gaşy sud prosesiniň başlanandygy, onuň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýändigi habar berildi.

Häzir protestçileriň öňe sürýän esasy talaplarynyň biri hem Nataliýa Sokolowanyň azat edilmegi.

Ýewropa Parlamentiniň deputaty Pol Merfi 17-nji iýulda Žanaözen şäherine baryp, protestçiler bilen duşuşdy. Ol işçileriň liderleri Nataliýa Sokolowanyň tussag edilmegini raýatlaryň köpçülikleýin çäreleri geçirmek babatdaky hak-hukugyny bozmak diýip atlandyrdy. Merfi işçileriň öz aýlyk meselelerini galdyrmagyna esas bardygyny belledi.

Geçen hepde-de proteste çykanlaryň işden kowlup, olaryň ýerine başga adamlaryň alynýandygy barada maglumat ýaýrady. Ýöne protestçileriň köpüsi öz talaplary doly ýerine ýetirilýänçä, asuda protest çäresini dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

28-nji iýulda Gazagystanyň “Sosialistik garşylyk” hereketi protest geçirýän nebitçileriň maşgalalaryna ýardam bermek üçin jemgyýetçilik komitetiniň döredilýändigini mälim etdi. Bu komitetiň işine Gazagystanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň aktiwistleriniň, gazak jemgyýetiniň görnükli adamlarynyň, žurnalistleriň gatnaşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG