Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bergi çägi boýunça ylalaşyga gelnendigini aýtdy


ABŞ-nyň Kongresi defoltuň öňüni alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:43 0:00


Prezident Barak Obama Amerikanyň Demokratik we Respublikan partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň bergi dawasynda ylalaşyga gelendiklerini bildirdi. Birleşen Ştatlaryň taryhynda hökümetiň ilkinji gezek öz bergilerini töläp bilmek başarnygyny ýitirmezligi üçin gelnen bu ylalaşyk Kongres tarapyndan entek oňlananok.

Döwletiň bergi çägini ýokarlandyrmak möhleti 2-nji awgustda soňlanýar. Bu iş başartmadyk ýagdaýynda dünýä bazarlarynyň ýene bulam-bujarlyga düşmegi mümkin.

“Muňa entek Kongresiň agzalarynyň möhüm sesi gerek. Ýöne men iki partiýanyň iki öýdäki ýobaşçylarynyň ylalaşyga gelendigini bildirmek isleýärin. Bu ylalaşyk defisiti çäklendirip, bergileri tölemek başarnygyny ýitirmegiň öňüni alar. Bu başarnyksyzlyk biziň ykdysadyýetimize weýrançylykly zyýan ýetirerdi” diýip, Obama aýtdy.

Soňky salymda gelnen bu ylalaşykda Birleşen Ştatlaryň bergi çäginiň ýokary derejesini häzirki 14,3 trilliondan 16,4 trillion dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäre Waşingtonyň bergilerini töläp bilmegi üçin aşa zerur.

Hökümet geljek 10 ýylyň içinde býujet defisitiniň 2,4 trillion dollar peseldilmegini isleýär. Ol şeýle hem salgyt reformasy we defisiti çäkledirmek üçin görlen beýleki çäreler arkaly ýene 1,5 trillion dollar tapmak maksady bilen Kongresde bir komitet döretmäge çagyrýar.

Ýöne gelnen ylalaşyga Wekiller Palatasynda berk garşy çykylmagy mümkin. Sebäbi hem konserwatiwleriň “Çaý üýşmeleňi” diýlip atlandyrylýan herektiniň (Tea Party) tarapdarlary hem-de liberal kanunçykaryjylar munuň özlerini kanagatlandyrmaýandygyny aýdýarlar.

Eglişik

Senatda köplügiň ýolbaşçysy demokrat Harri Reýd ylalaşygyň amerikan halkynyň isleýän zadydygyny aýtdy: “Meni bu ylalaşyga respublikançylaryň hemmesiniň begenmeýändigini bilýärin. Ol demokratlaryň-da hemmesini begendirmez. Ýöne iki patiýa-da öz isleýäninden köp zatlary berdi. Öz umyt edenine doly ýeten tarap ýok. Ýöne eglişigiň, köpçülikleýin ylalaşgyň özeni şu. Şu hepde amerikan halky eglişik talap etdi, ony hem aldy”.

Senatda azlygyň ýolbaşçysy respublikan Mitç MakKonnelliň aýtmagyna görä-de, gelnen ylalaşyk amerikan hökümetiniň gymmatly kagyzlarynyň durnuklylygy barada global maliýe bazaralaryna arkaýynlyk berer: “Biz şu gije Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhymyzda ilkinji gezek öz bergilerini töläp bilmezlik ýagdaýyna düşmejekdigini görkezip, amerikan halkyna arkaýynlyk berdik”.

Obama hem ýekşenbe güni giçlik hem respublikan hem-de demokrat kanun çykaryjylaryny gelnen ylalaşygy goldamaga çagyrdy. Ol bu hakda şeýle diýdi: “Biz ähli işi entek bitiremzok. Men iki partiýanyň-da agzalaryny dogry işi etmäge çagyrýaryn. Öňümizdäki birnäçe günlükde sesiňiz bilen bu ylalaşygy goldaň. Ol biziň bergilerimizi töläp bilmezlik ýagdaýyna düşmegimiziň öňüni alar, bergilerimizi tölemäge ýol açar. Ol jogapkärçilikli ýol bilen defisitimizi çäklendirmäge başlamaga ýol açar. Ol bize möhüm işlere baş goşup, täze iş orunlaryny döretmäge, aýlyklary ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimizi häzirkisinden çalt ösdürmäge ýol açar”.

Geljek 10 ýylda...

Hökümet tarapyndan edilýän çykdajylar geljek onýyllykda ep-esli azaldylar. Halka hyzmat üçin ýola goýlan programmalaryň müňlerçesi iň pes derejä ýetiriler. Pensiýa sistemasyna ýa saglygy goraýyş ugrundan alnyp barylýan programmalara goýberilýän serişdeleri azaltmak göz öňünde tutulanok. Ýöne beýleki programmalar tygşytlylyk üçin elekden giçiriler.

Waşingtonda Wekiller Palatasynda azlyga ýolbaşçylyk edýän Nansi Pelosi demokratlardan näçe kanun çykaryjynyň bu plany goldaýandygyny kesgitlemek üçin duşenbe güni giçlik ony demokratlar bilen bilelikde maslahatlaşar. Senatdaky demokratlar bilen respublikanlara hem gelnen ylalaşyk barada öz partiýalarynyň ýolbaşçylary maglumat berer.

Teklip edilen ylalaşygyň sese goýulmagy hakda enek bellenen wagt ýok. Ýöne onuň ilki Senatda, soň hem Wekiller Palatasynda sese goýulmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG