Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadanda dikeldiş işleriniň tamamlananlygy yglan edildi


Abadan şäheri, 8-nji iýul.
Abadan şäheri, 8-nji iýul.
Abadan şäherinde binalaryň bejeriş, dikeldiş işleriniň doly tamamlananlygyny, şeýle-de şäherde we onuň töwereginde kadaly durmuşyň dikeldilenligini resmi Aşgabat habar berdi. Emma şäherde nähili işleriň geçirilenligi resmi maglumatda aýdylmady.

Resmi maglumatda 7-nji iýulda şähere şikes ýetiren we adam pidalaryna getiren harby obýektlerdäki partlamalar barada gürrüň edilmeýär. Şol wakalar pirotehniki serişdeler saklanýan ammarlardaky ýangyn bilen bagly adatdan daşary ýagdaý diýlip atlandyrylýar.

Jaýsyz galanlar

Aslyýetinde partlamalaryň şähere we onuň töweregine ýetiren zyýanynyň möçberi şu günki güne çenli resmi derejede takyklaşdyrylmandy. Abadandaky partlamalaryň yz ýany türkmen häkimiýetleri käbir binalara zyýan ýetenligini boýun alypdy.

Ýerli synçylar Abadandaky dikeldiş işleriniň esasan partlamalarda uly zyýan ýetmedik binalarda geçirilendigini gürrüň berýärler. Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň aýtmagyna görä, dikeldiş işleriniň tamamlanmagy yglan edilýärkä, onlarça hojalyklar jaýsyz galýar.

Abadan şäheri, 1-nji awgust.

“Esasan has az zyýan ýeten jaýlara binalara ýardam berildi. Emma Abadan wakasynda doly weýran bolan jaýlar, hojalyklar bar. Şolara häzir weýran bolan öýlerine derek jaý berilmänligi her kime mälim. Eger şolara jaý berilmedik ýagdaýynda nädip dikeldiş işleri tamamlanýarka?” diýip, Ýazgulyýew aýdýar.

Žurnalist Ýazgulyýewiň sözlerine görä, henizem öýsüz galýan hojalyklar ýerli häkimiýetleriň täze jaý salyp berjek diýen wadasynda tapylmagyna garaşýarlar.

Resmi maglumatlarda Abadan şäherindäki we onuň töweregindäki dikeldiş işleriniň döwletiň gören adatdan daşary we köptaraplaýyn ýardamy bilen amala aşyrylanlygy nygtalýar. Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, dikeldiş işleriniň aglaba bölegi döwletiň garamagyndaky kärhanalaryň, zawodlaryň hasabyna amala aşyrylypdyr.

Abadan temasy soňky hepdelerde ýolbaşçylar derejesinde-de, ýurduň habar serişdelerinde-de agzalman geldi. Hatda partlamalar bilen bagly geçirilen dikeldiş işleriniň tamamlanmagy 29-njy iýulda bolan hökümet maslahatynda-da agzalmady. Bu mesele gozgalan bolsa-da, bu barada resmi maglumatlarda aýdylmady.

Soňky hökümet maslahatynda esasan paýtagtda alnyp barylýan köp sanly gurluşyklaryň gidişi we ýurduň hemmetaraplaýyn güýçli ösüşi baradaky hasabatlaryň üns bilen diňlenenligi köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Pessimizm we umytlar

Adam hukuklaryny goraýjylaryň käbiri Abadanda dikeldiş işleriniň doly tamamlananlygy barada resmi taýdan yglan edilmegi bilen munuň henizem öýsüz galýan we döwlet kömegini alyp bilmedik adamlaryň ykbalyna ýaramaz täsir ýetirmeginden howatyrlanýarlar.

Häkimiýetler dikeldiş işleriniň tamamlananlygyny yglan eden bolsalar, bu olaryň mundan başga kömegi bermejekdiklerini aňladýar.
“Türkmenistanda adam hukuklaryna we demokratiýa tarap” atly ynsan hukuklaryny goraýjy hereketiň ýolbaşçysy Anatoliý Fomin Azatlyk Raidosyna şeýle diýdi: “Häkimiýetler dikeldiş işleriniň tamamlananlygyny yglan eden bolsalar, bu olaryň mundan başga kömegi bermejekdiklerini aňladýar. Bize mälim bolşuna görä, jaýsyz galanlara häkimiýetler tarapyndan oňaýsyz bir ýerlerde jaý teklip edilýär. Şeýlelikde bar zat ýalana meňzeýär”.

Emma žurnalist Ýazgulyýew öýsüz galyp, häzirki wagtda hökümet tarapyndan berlen wagtlaýyn jaýlarda ýaşaýan adamlaryň, beýleki ejir çekenleriň we olara duýgudaşlyk bildirýänleriň arasynda partlamalarda çekilen zyýanyň öweziniň doljagyna bolan umytlaryň şu günler hasam güýçlenenligini belleýär.

“Adatdan daşary ýagdaýlarda hojalyklar, raýatlar zyýan çekse, şol zyýanyň öwezini dolmak hakynda bir karar kabul edildi. Şol kararda ölçeg 100 müň manat diýip alnypdyr. Ine, şol karar 1-nji awgustda güýje girdi. Hemmeler şol kararyň güýje girmegi bilen, belki, tölenip başlanjagyny, iň bolmanda döwlet tarapyndan Abadan wakalary barada jemleýji maglumat çap ediler diýip, umyt edýärler” diýip, Ýazgulyýew aýdýar.

Emma Anatoliý Fomin, adatça, täze kanunlarda görkezilýän düzgünleriň kanun güýje girenden soňky wakalara degişli bolýanlygyna ünsi çekýär.

Garaşsyz synçylaryň pikirine görä, türkmen häkimiýetleri Abadandaky partlamalar netijesinde bolan adam we emläk ýitgileriniň hakyky möçberini yglan etmekden saklanýarlar, emma bu olaryň partlamalaryň ýetiren zyýanynyň möçberinden habarsyzdygyny aňlatmaýar.

Ýurtdan gowuşýan käbir maglumatlarda häkimiýetler tarapyndan Abadan wakalaryna degişli resmi hasabatyň ýöredilýänligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG