Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ýadro gepleşiklerine dolanmaga islegli


Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň ýakyn wagtyň içinde we “öňünden hiç hili şert goýulmazdan” başlanyp bilinjekdigini aýdýar.

Daşary işleri ministrliginiň bu baradaky beýanaty geçen hepde Demirgazyk Koreýanyň diplomatynyň Nýu-Ýorkda amerikan resmileri bilen geçiren gepleşiginden soň ýaýradyldy.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça alty taraplaýyn gepleşiklere Günorta Koreýa, Hytaý, Orsýet, Ýaponiýa we Birleşen Ştatlar gatnaşýar.

Phenýan bu gepleşiklerden 2009-njy ýylyň aprel aýynda çekilipdi. Şondan bir aý soň Demirgazyk Koreýa özüniň ikinji ýadro synagyny geçiripdi.

Demirgazyk Koreýa, özüne maliýe taýdan hemaýat berilse, ýadro programmasynyň bes edilmegi boýunça 2005-nji ýylda gol goýan ylalaşygynyň şertlerini berjaý etmäge taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG