Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Sinszýandaky çaknyşygy “yslamçy ekstremisterden” görýär


Hytaýyň resmileri Sinszýan regionyndaky gazabyň arkasynda “ýurduň daşyndaky terroristik lagerlerde”, şol sanda Pakistanda türgenleşik geçen adamlar tarapyndan dolandyrylýan musulman “dini eksteremistleri” diýilýän toparlaryň durandygyny aýdýar.

Şenbe we ýekşenbe günleri Kaşgar şäherinde dörän iki sany çaknyşykda azyndan 18 adamyň ölendigi habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Ksinhua” habar agentliginiň beýän maglumatyna görä, polisiýanyň geçiren desplaky derňewlerine laýyklykda, hüjümi amala aşyran toparyň ýolbaşçylary Pakistandaky “Gündogar Türkistan Yslam Hereketi” atly separatistleriň lagerinde türgenleşik geçipdirler.

Hytaýyň Sinszýan regionynda etnigara ýagdaýlar ençeme ýyl bäri dartgynly bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG