Sepleriň elýeterliligi

AFK-niň çagyryş kubogynyň final oýunlary Nepalda geçiriler


Aziýa futbol konfederasiýasynyň çagyryş kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşyň final oýunlary 2012-nji ýylda Nepalda geçiriler. Bu oýunlara Türkmenistanyň futbolçylary hem gatnaşarlar.

Türkmen futbolçylary şu ýylyň mart aýynda geçirilen saýlap-seçiş oýunlarynda “B” toparynda çykyş edip, şol toparda ikinji orny eýeläpdiler. Şol wagt türkmenistanly futbolçylar Pakistanyň saýlama toparyny 3:0, Taýwanyň toparyny bolsa 2:0 hasabynda ýeňipdiler. Hindistan bilen bolsa 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar.

AFK-niň çagyryş kubogynyň final turnirinde Türkmenistandan başga-da Demirgazyk Koreýanyň, Nepalyň, Palestinanyň, Filippinleriň, Maldiw adalarynyň, Täjigistanyň we Hindistanyň toparlary çykyş ederler.

AFK-2012 çagyryş kubogynyň eýesi 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Aziýa futbol konfederasiýasynyň çagyryş kubogy ugrundaky ýaryşlar 2006-njy ýyldan bäri geçirilýär.
XS
SM
MD
LG