Sepleriň elýeterliligi

Saudy zenany terrorizme dahyllylykda aýyplanýar


Saud Arabystanynda ilkinji gezek terrorizme dahylly bolmakda aýyplanyp, aýal maşgala sud edilýär.

Berilýän maglumata görä, sud diňlenişigi ýekşenbe güni başlanypdyr. Sud edilýän zenanyň şahsyýeti barada maglumat berilmedi.

Ol zenan habar beriş serişdelerine “Al-Kaýda zenany” diýlip tanadyldy. Onuň 46 ýaşyndadygy çak edilýär.

Habar çeşmeleriň bellemegine görä, onuň maşgalasy sud diňlenişiginiň habar beriş serişdeleriniň gatnaşmazlygynda geçirilmegini sorapdyr.
XS
SM
MD
LG