Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň harby we syýasy liderleri maslahat geçirýär


Türkiýede premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň başlyklyk etmeginde ýurduň harby we syýasy liderleriniň dört günlük maslahaty başlandy.

Bu maslahatyň dowamynda ýakynda öz wezipelerinden giden ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň ornuna täze harbylaryň bellenmegine garaşylýar.

Anna güni Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň başlygy Yşyk Koşaner, şeýle-de goşun, harby-deňiz we howa güýçleri komandirleri wezipelerinden çekilipdiler. Olar muny hökümeti agdarmak synanyşygynda aýyplanyp, onlarça generalyň we ofiseriň tussag edilmegine protest hökmünde etdiler.

Bu wakalar ýurtda dünýewi harbylar bilen yslam gymmatlyklaryna bagly hökümetiň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edýän düşünişmezlikleriň fonunda döredi.
XS
SM
MD
LG