Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede harby ýolbaşçylaryň wezipelerinden çekilmegi nämäni aňladýar?


Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysy general Yşyk Koşaner (çepde) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ankarada, 2010-njy ýylyň 30-njy noýabry.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysy general Yşyk Koşaner (çepde) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ankarada, 2010-njy ýylyň 30-njy noýabry.

Türkiýe Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda ykdysady hem syýasy taýdan iň öňde barýan, ösen we güýçli ýurtlardan biri diýlip hasaplanýar. Güýçli institutlary bilen bir hatarda bu ýurduň harby goşuny hem juda güýçli we ol NATO guramasyna agza ýurtlaryň arasynda Birleşen Ştatlardan soň ikinji uly harby güýç diýlip hasaplanýar.

Türkiýäniň güýçli ýaragly goşunlary ýurduň daşary syýasatynda onuň roluny artdyrsa-da, beýleki tarapdan, ol ýurduň içerki syýasatynda hem aktiw rol oýnap gelýärdi. Emma, käbir synçylaryň aýtmagyna görä, ýurduň häzirki ýolbaşçylary goşunyň syýasy roluny çäklendirmekde uly iş alyp bardylar. Bu hem goşun bilen syýasy ýolbaşçylaryň arasynyň açylmagyna sebäp boldy.

Netijede 29-njy iýulda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysy general Yşyk Koşaner bilen bir hatarda onuň gury ýer, howa we deňiz güýçleriniň baş serkerdeleriniň wezipelerinden çekilmegi bu dartgynlygyň nähili derejä ýetenligini görkezýär.

Türkiýede bu mundan ozal görlüp-eşidilmedik wakadyr. Eýse, bu mesele ýurduň syýasaty, hökümetiň ugry we harby goşunyň mundan beýläk oýnajak roly hakda nämeleri aňladyp biler?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkiýäniň iň uly neşirlerinden biri bolan "Türkiýe" gazetiniň başlygynyň orunbasary we ýazyjy Ismail Kapan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkiýäniň armiýasynyň Baş generaly bilen bir hatarda gury ýer, howa we deňiz güýçleriniň baştutanlarynyň öz wezipelerinden çekilmegine ýa möhletinden öň pensiýa çykmak baradaky kararyna siz nähili baha berýärsiňiz?

"Türkiýe" gazetiniň başlygynyň orunbasary we ýazyjy Ismail Kapan
Ismail Kapan: Agzalýan generallaryň wezipelerinden çekilmegine ýa pensiýa çykmak baradaky kararlaryna biz Türkiýede kadaly ýagdaýyň ornaşyp barýanlygynyň alamaty hökmünde baha berýäris. Onuň sebäbi mundan ozal ýurt bilen bagly kabul edilen islendik karara, harbylar garşy çyksalar, ýa ony kabul etmeseler, umuman aýdylanda, harbylaryň aýdany bolardy. Emma häzirki döwürde bu ýagdaý üýtgedi.

Öňdebaryjy demokratik ýurtlaryň ählisinde ýurdy dolandyrmak wezipesi syýasy, ýagny graždan ýolbaşçylaryň işidir we olaryň kabul eden kararlaryna sarpa goýulýar. Türkiýede häzirki döwürde bolan zat edil şol ýagdaýyň biziň ýurdumyzda hem ornaşyp başlanlygyny aňladýar. Ýagny, generallar öz talaplary kabul edilmänsoň, wezipelerinden çekilmek ýoluny saýladylar. Bu Türkiýäniň barha demokratlaşýanlygyny aňladýar.

Bu mesele bilen bagly ÝB-niň Türkiýe boýunça dokladçysynyň görkezen ilkinji reaksiýasy hem bu pikiri tassyklaýar. Ol bu bolan wakanyň Türkiýe üçin demokratik taýdan ösüş boýunça möhüm bir ädimdigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Harby ýolbaşçylaryň bilelikde wezipelerinden çekilmek kararlaryna olaryň haýsydyr bir mesele boýunça hökümete garşy görkezen reaksiýasy diýip hem baha berip bolar. Siz bu pikire nähili garaýarsyňyz?

Ismail Kapan: Elbetde, olary ynjalykdan gaçyrýan zatlary halk bilýär. Şol zatlar näme diýlende, ol hökümeti agdarmak boýunça amala aşyryldy diýilýän dildwüşük bilen bagly wakada tussag edilen 43 sany generalyň ykbaly baradadyr. Olardan 14-siniň şu ýylky harby geňeşde has ýokary wezipä bellenmegine garaşylýardy. Emma türmede bolanlygy üçin, esasy kanuna görä, olaryň wezipeleriniň ýokarlandyrylmagy mümkin däl.

Wezipelerinden çekilen harby ýolbaşçylar tussaglykda saklanýan generallaryň wezipeleriniň ýokarlandyrylmagy üçin hökümete basyş edýärdiler. Olaryň wezipelerinden çekilmegi talaplarynyň hökümet tarapyndan kabul edilmänligini aňladýar. Netijede olar bu ýagdaýa protest hökmünde wezipelerinden çekilmek ýa pensiýa çykmak arkaly öz reaksiýalaryny görkezdiler.

Azatlyk Radiosy: Umuman aýdylanda, islendik reaksiýa bir maksat göz öňünde tutulyp, ýagny bir maksada ýetmek üçin amala aşyrylýar. Olar öz maksatlaryna ýetdilermi?

Ismail Kapan: Ýok ýetmediler, şonuň üçin olar häzirki ýagdaý bilen baglanyşykly öz ynjalyksyzlyklaryny bildirmek üçin şeýle ýola baş goşdular. Emma netije olaryň isleýşi ýaly bolmady. Meselem, mundan ozal islendik mesele boýunça harbylar hatda diňe duýduryş berselerem ýa beýanat çap etselerem, Türkiýede ýagdaý çaýkanardy.

Emma häzirki döwürde dört-bäş sany harby ýolbaşçy bir günde möhletinden öň pensiýa çykjakdygyny ýa wezipesinden çekilýändigini yglan etse-de, dört sagadyň dowamynda Baş general wezipesine täze ýolbaşçy bellenip, ýagdaý kadalaşdyryldy. Ýagny, olaryň garaşýan zady bolmady. Meselem, olaryň möhletinden öň pensiýa çykmak ýa wezipelerinden çekilmek baradaky bu kararlary iş ýüzünde hiç hili netije bermedi. Bu hem ýurtda demokratiýanyň barha ýaýbaňlanýanlygyny görkezýär.

Eger şeýle ýagdaý mundan öňki ýyllaryň dowamynda ýüze çykan bolsady, Türkiýede krizis emele gelerdi. Emma häzirki döwürde Türkiýäni dolandyrýan graždan hökümet güýçli bolansoň, ýagdaý kadaly derejede dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Jenap Kapan, harby ýolbaşçylaryň wezipelerinden çekilmegi häkimiýeti dolandyrýan “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň we onuň hökümetiniň geljegi nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar?

Ismail Kapan: Bu ýagdaýa şeýle baha bermek mümkin. Umuman, bu graždan ýolbaşçylaryň hem-de syýasatçylaryň nukdaýnazaryndan aýdylanda, pozitiw bir wakadyr. Ýagny, bu karar, ýurdy dolandyrmak barada aýdylanda, mundan beýläk harbylaryň däl-de, syýasy ýolbaşçylaryň rolunyň öňde boljakdygyny aňladýar.

Hakykatyna garanyňda, Türkiýede mydama, harbylar näme diýse, olaryň diýeni bolardy, ýagny graždan ýolbaşçylaryň üstüne harbylaryň kölegesi abanýardy. Başgaçarak aýtsaň, hökümete harbylaryň täsiri juda güýçlüdi. Onsoň syýasatçylar möhüm meseleler boýunça karar kabul etmek arkaly inisiatiwa görkezip, özleriçe ädim ädip bilmeýärdiler.

Emma mundan beýläk ýagdaýyň öňküsi ýaly däldigi, ýurduň hakyky eýesiniň graždan ýolbaşçylar boljakdygy ýüze çykýar. Bu hökümeti dolandyrýan ýolbaşçylaryň we oppozision partiýalaryň nukdaýnazaryndan möhüm bir özgerişdir.

Hususanam, ýakynda geçirilen saýlawlarda “Adalat we Galkynyş” partiýasy saýlawçylaryň sesleriniň 50% töweregini gazanyp, ýene bir gezek ýurdy dolandyrmak ygtyýaryny öz eline aldy. Eger häzirki döwürde şeýle özgerişler bolýan bolsa, onuň sebäplerinden biri hem hökümeti dolandyrýan “Adalat we Galkynyş” partiýasyna halk tarapyndan berilýän goldawdyr.

Oppozision partiýalaryň hem bu bolan wakadan öwrenmeli zatlary bar. Ýagny, halkyň goldawyny alyp bilmek üçin nähili syýasat alyp barmaly diýlen meselede olar hem pikirlenmeli bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylar we Türkiýäniň oppozision partiýalarynyň agzalary “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň barha güýçlenmeginiň ýurtda graždanlyk diktaturasynyň döremegine ýol açjakdygyny aýdýarlar. Siz şeýle garaýyşlara nähili baha berýärsiňiz?

Ismail Kapan: Şeýle radikal garaýyşlaryň öňe sürülmegi mümkin, emma olar ygtybarly däl. Sebäbi ýewropa ýurtlaryna seretseňiz, ýurdy dolandyrýanlaryň ählisiniň graždan ýolbaşçylarydygyna göz ýetirersiňiz. Şol ýurtlarda harbylar graždan ýolbaşçylaryň kontrollygynda hereket edýärler. Meselem, Ýewropada ýerleşýän ähli ýurtlarda we NATO guramasyna agza ýurtlarda harbylar Goranmak ministrliginiň çäklerinde hereket edýärler.

Emma Türkiýede olar henize çenli premýer-ministrligiň çäginde iş alyp barýarlar. Aýtjak bolýan zadym, bu graždanlyk diktaturasynyň dörejekdigini asla aňlatmaýar. Elbetde, “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň hökümetini halamaýan käbir adamlaryň şeýle garaýyşlary öňe sürmegi mümkin. Emma beýle pikirler hakykata gabat gelenok.

Azatlyk Radiosy: Hökümet öz talaplaryny kabul etmänsoň, harby ýolbaşçylaryň wezipelerinden çekilmegine ýönekeý esgerler nähili garaýarlar?

Ismail Kapan: Wezipelerinden çekilen ýolbaşçylar goşuny dolandyrýan ýolbaşçylardy. Emma goşunyň beýleki generallary wezipelerinden çekilmediler. Meselem, Türkiýäniň harby goşunlarynyň polisiýa güýçleri diýlip hasaplanýan Žandarma güýçleriniň ýolbaşçysy wezipesinden çekilmedi. Ol häzirki döwürde Türkiýäniň gury ýer güýçleriniň ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Bu hem ol generalyň pikiriniň wezipeden çekilen generallaryňkydan tapawutlydygyny aňladýar.

Harbylaryň düzüminde wezipelerinden çekilen generallaryň saýlan ýoluny saýlamadyk başga-da generallar kän. Wezipelerinden çekilen generallaryň äden ädimi tutuş armiýanyň syýasatyny aňlatmaýar. Ýagny, harbylaryň arasynda hem demokratik hökümete sarpa goýýan we ýurtda demokratiýanyň güýçlenmegini isleýän güýçli topar bar. Şoňa-da göz ýetirmek gerek.
XS
SM
MD
LG