Sepleriň elýeterliligi

Italiýa barýan gämide 25 migrant öli tapyldy


Italiýan serhetçileri Ortaýer deňzini kesip, Demirgazyk Afrikadan Italiýanyň Lampedusa adasyna gelýän gämide 25 adamyň jesedini tapdy.

Ýogalanlaryň hemmesi ýaş adam bolup, trýum bilen motor kabinasynyň arasyndaky darajyk ýerde gysylyp ýatan halda tapylypdyr.

Ölümiň sebäbi belli däl, ýöne resmiler olaryň howa ýetmän, demigip ölen bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

296 adamy alyp gelýän gämi iki gün öň Liwiýadan ugrapdyr.

Ýanwar aýyndan bäri Demirgazyk Afrikadaky gozgalaňdan gaçan 33 müň adam Lampedusa geldi.
XS
SM
MD
LG