Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl esgerleri Günbatar kenarda iki palestinalyny öldürdi


Saglyk we howpsuzlyk resmileri öten agşam Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Kalandiýa bosgun lagerinde ysraýyl esgerleriniň iki palestinalyny atyp öldürendiklerini aýdýarlar.

Ol iki adam esgerler lagerde tussag etmek işi bilen meşgulka atylyp öldürildi.

"Fatah" hereketiniň resmileri ysraýyl goşunlarynyň bu lagere öten agşam, çaknyşyklar başlamazdan öň, ýaş oglanlaryň esgerleri daşlamagy sebäpli girendigini aýdýarlar. Şondan soň esgerler daş zyýaňýanlary oka tutup, iki adamy öldüripdirler.

Ysraýyl harbylarynyň sözçüsi Kalandiýada çaknyşyk bolandygyny tassyk etdi, ýöne bu hadysada hiç bir palestinalynyň ölenini aýtmady.

Birnäçe sagat soň müňlerçe adam Kalandiýada öldürilen iki adamy jaýlamaga ýygnandy.
XS
SM
MD
LG