Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz toparlary paýtagtyň adyny çalşyrmak isleýär


Gyrgyz syýasatçysy we aktiwisti Toktaýim Umetaliýewa Gyrgyzystanyň paýtagtynyň adyny üýtgetmek üçin gol ýygnalýandygyny aýdýar.

Umetaliýewa sosial we syýasy toparlaryň bir toparynyň Bişkegiň adyny Manas diýip diýip üýtgetmek isleýändiklerini aýdýar.

Manas gyrgyz halkynyň rowaýaty gahrymany bolup, halk döredijiliginde müň ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap gelýär.

Umetaliýewa bu kampaniýa gatnaşyjylaryň 1-nji sentýabrda 10 müň gol ýygnamagyna garaşylýandygyny, şondan soň bu meselä parlamentde serediljegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG