Sepleriň elýeterliligi

Minsk partlamasynda güman edilýänlere ölüm jezasy garaşýar


Belarusyň baş prokurorynyň orunbasary Andreý Şwed aprel aýynda Minsk metrosyny partlatmakda güman edilip tutulan iki adama ölüm jezasynyň berilmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Şwediň žurnalistleriň öňünde eden beýanaty belarus häkimiýetleriniň bu iki adama ölüm jezasynyň berilmek ähtimallygy barada ilkinji gezek ýaňzydyşydyr.

Belarus Ýewropada ölüm jezasyny işjeň ulanýan ýeke-täk ýurt bolup durýar.

Minskide 12-nji aprelde bolan metro partlamasynda 15 adam ölüp, onlarça dam ýaraly bolupdy.

Şwed häkimiýetleriň bu iş bilen bagly iki adamy, Kowalew we Konowalow diýen adamlary tussag edendigini, olaryň 2008-nji ýylda Minskide, 2005-nji ýylda Witebskide bolan kiçiräk hüjümlerde hem günälenýändigini tassyk etdi.

Ol deslapky derňewleriň tamam bolandygyny we häkimiýetleriň ol iki adamy terrorizmde günäländigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG