Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Wekiller öýi batyşyň öňüni almak üçin ses berdi


Wekiller öýi palatasy Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň bergi çägini ýokarlandyrmak baradaky kanun taslamasyny tassyklamak üçin ses berdi. Bu çäre Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky ilkinji batyşyň öňüni almaly.

Respublikan partiýanyň öňbaşçylygyndaky Wekiller öýi bu çärä 269 agzanyň goldamagynda, 161 agzanyň garşy durmagynada ses berdi. Goldaw sesini berenleriň köpüsi Respublikan partiýadan boldy.

Wekiller öýüniň Demokratik partiýadan bolan agzalarynyň köpüsi bu çärä garşy ses berdi.

Birleşen Ştatlaryň 14,3 trillion dollar bergi çägini ýokarlandyrmak ylalaşygy indi Demokratik partiýanyň öňbaşçylygyndaky Senatda sese goýulmaly.
XS
SM
MD
LG