Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaýatlar Hamanyň topa tutulýandygyny aýdýarlar


Habar gulluklary şaýatlara salgylanyp, siriýa güýçleriniň duşenbe güni agşamlyk Hama şäherini top okuna tutmaga başlandyklaryny ýazýarlar.

Bu şäher Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň işden çekilmegine çagyryşyň merkezi bolup durýardy.

Siriýa güýçleri Hama hüjümlerini 31-nji iýulda başlap, duşenbe güni hem dowam etdirdiler.

Halkara jemgyýetçiligi siriýa häkimiýetleriniň protestçileri oka tutmagyny berk ýazgaryp çykyş etse, Siriýanyň uzak wagtlyk ýarany bolan Orsýet Damasky özüne erk etmäge çagyrdy.

Siriýanyň ýurt daşyndaky hukuk toparlary hepde ahyrynda tutuş Siriýa boýunça azyndan 140 adamyň öldürilendigini, şolaryň 100 çemesiniň Hamada öldürilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG