Sepleriň elýeterliligi

Siriýada gandöküşlik dowam edýär


Habar gulluklary şaýatlara salgylanyp, siriýa güýçleriniň duşenbe güni agşamlyk Hama şäherini top okuna tutmaga başlandyklaryny ýazýarlar.

Habar gulluklary şaýatlara salgylanyp, siriýa güýçleriniň duşenbe güni agşamlyk Hama şäherini top okuna tutmaga başlandyklaryny ýazýarlar.

Siriýanyň hökümeti Hama şäherinde režime garşy çykýan protestçileri dargatmak üçin güýç ulanýar. Habar gulluklary şaýatlara salgylanyp, siriýa güýçleriniň duşenbe güni agşamlyk Hama şäherini top okuna tutmaga başlandyklaryny ýazýarlar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad, 20-nji iýun.
Hama şäheri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň işden çekilmegine çagyryşyň merkezi bolup durýardy.

Bu aralykda halkara jemgyýetçiligi gan döküşikligiň öňüni almak ugrunda diplomatik ädimleri ädýär. Sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi Siriýada dowam edýän gazaply wakalary maslahatlaşmak üçin ýapyk gapylaryň aňyrsynda ikinji mejlisini geçirer.

Şeýle-de Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileriniň ençemesini, şol sanda goranmak ministri Ali Habibi hem öňki bank hasaplary doňdurylan we wiza gadagançylygy girizilen hökümet resmileriniň sanawyna goşdy.

Italiýa özüniň Siriýadaky ilçisini konsultasiýa üçin yzyna çagyrdy. Şeýle-de Rim beýleki Ýewropa ýurtlaryny Damaskdan öz wekillerini çykarmaga çagyrdy.

Duşenbe güni, Remezan aýynyň ilkinji gününde Siriýada azyndan 24 adamyň öldürilendigi habar berilýär. Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparynyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni diňe Hama şäheriniň özünde 10 protestçi öldürilipdir.

Agzaçardan soň ýygnanan protestçileri dargatmak üçin howpsuzlyk işgärleriniň güýç ulanandygy aýdylýar. Habarlara görä, 150 töweregi adam sorag edilmäge äkidilipdir.

Aktiwistleriň tassyklamagyna görä, dynç günleriniň dowamynda hökümetiň protestleri basyp ýatyrmak boýunça geçiren çärelerinde 140 töweregi adam öldürilipdir. Bu waka mart aýynyň ortalarynda Assadyň režimine garşy gozgalaň başlanaly bäri hökümet tarapyndan iň ganly basyp ýatyrylyş hökmünde häsiýetlendirilýär.

Halkara çagyryşlar

Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň baş serkerdesi Admiral Maýk Mullen Siriýany parahat ilatyň garşysyna zorlugy bes etmäge çagyrdy. Şeýle-de ol Amerikanyň Siriýa harby operasiýa bilen girmek planynyň ýokdugyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner Siriýanyň režiminiň mübärek Remezanyň başlangyjynda zorluk ulanmagyny “gyrgynçylyk” diýip häsiýetlendirdi. Toner: “Biz Siriýa režiminiň Remezan aýynda parahat ilata gazaply daraşmagyny wagşy hem elhenç iş diýip häsiýetlendirýäris” diýdi.

Hama şäherinde, 2-nji awgust.
Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly duşenbe güni eden çykyşynda Siriýadaky zulumdan özüniň haýykýandygyny aýtdy: “Hamada we Siriýanyň beýleki şäherlerinde geçirilen opresiýalar bizi juda hopukdyrdy we aladalandyrdy. Beýle operasiýalary geçirmegiň usullary we wagty örän ýalňyşdyr. Biz muny berk ýazgarýarys”.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň öz syýasy garşydaşlaryna garşy güýç ulanmagy boýunça ýazgaryjy beýanat kabul etmek barada hem ylalaşyp bilenoklar.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Portugaliýa we Birleşen Ştatlar ençeme hepdeleriň dowamynda Siriýadaky gazaply hereketleri ýazgarmak boýunça basyş edip gelýärler. Ýöne Orsýet, Hytaý, Günorta Afrika, Hindistan we Braziliýa Siriýanyň režimini ýazgarýan beýanatyň kabul edilmegini-de goldaman gelýärler.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Orsýet bilen Hytaý Assadyň režimine garşy kabul ediljek rezolýusiýa boýunça özleriniň weto hukugyny ulanjakdyklaryny aýdyp, haýbat atýarlar.
XS
SM
MD
LG