Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerkuk şäherinde hristian kelisesine hüjüm edildi


Yragyň Kerkuk şäherindäki hristian kelisesine partlaýjy serişdeler ýerleşdirilen ulag bilen hüjüm edildi. Bu wakalarda azyndan 14 adamyň, şol sanda ruhanynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Partlama sebäpli kelisä zeper ýetip, ol ýapylmaga mejbur boldy. Partlamadan töwerekdäki onlarça jaýa hem zyýan ýetdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda “Al-Kaýda” ilteşikli söweşijiler Bagdatdaky bir kelisä hüjüm edipdi. Şol wakada 60 töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG