Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň baş diplomaty Türkmenistana sapar edýär


Sişenbe güni Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrohon Zarifi ýurduň prezidenti Emomali Rahmonyň görkezmesi boýunça iki günlik iş sapary bilen Türkmenistana barýar.

Saparyň dowamynda Hamrohon Zarifi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we beýleki ýokary derejeli türkmen resmileri bilen gepleşikler geçirer.

Berilýän maglumatlara görä, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary, şeýle-de regiondaky meseleler barada maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG