Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Afrika azyk daşamak üçin awiakompaniýalardan kömek sorady


Birleşen Milletler Guramasy Afrikada gurakçylyk sebäpli açlykdan ejir çekýän millionlarça adama azyk daşamak üçin awiakompaniýalardan hemaýat sorady.

BMG-niň Çagalar fondunyň (UNICEF) metbugat wekili Mariksie Merkado öz edarasynyň awiakompaniýalardan regiona azyk daşamak üçin “mugtuna ýa-da ep-esli arzanladylan nyrhlarda” ýük uçarlary bilen üpjün etmegi sorandygyny aýtdy.

“British Airways”, “Lufthansa”, “Virgin Atlantic” we “UPS” kompaniýalarynyň her biri hepdäniň dowamynda Afrika 15-50 tonna azyk daşamak boýunça öz hyzmatlaryny hödürlediler.

UNICEF beýleki kompaniýalaryň hem “öňe ädim ätjekdiklerine” umyt baglaýandygyny aýdýar.

BMG-niň edarasynyň duýdurmagyna görä, eger-de birnäçe hepdäniň dowamynda regiona azyk kömegi eltilmese, onda ýarym million töweregi çaganyň heläk bolmak howpy bar.
XS
SM
MD
LG