Sepleriň elýeterliligi

NATO Kosowadaky esgerleriniň sanyny artdyrar


NATO Kosowadaky esgerleriniň sanyny artdyrar. Ýaranlyk munuň regiondaky howpsuzlygy üpjün etmäge degişlidigini nygtap, geçen hepde regionda dörän çaknyşyklar bilen ilteşiginiň ýokdugy aýdýar.

Geçen hepde Kosowanyň howpsuzlyk güýçleriniň Serbiýa bilen iki serhet geçelgelerinde öz gözegçiliklerini güýçlendirmekleriniň yz ýany, ýerli etniki serbleriň bir topary bilen çaknyşyk ýüze çykypdy.

Häzir NATO-nyň Kosowada 6,000 töweregi esgeri bar. Goşmaça ugradyljak esgerleriň sany barada maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG