Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama kyn gazanylan kanun taslamasyna gol çekdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hökümetiň bergi çägini ýokarlandyrýan kanun taslamasyna gol çekdi. Bu kanun Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky ilkinji batyşyň öňüni alýar.

Obama bu kanuna sişenbe güni Senatda ses berlenden soň, haýal etmän gol çekdi. Senatyň 74 agzasy oňa goldaw bildirse, 24 agzasy garşy ses berdi.
Duşenbe güni Wekiller öýünde bolan ses berişlikde bu kanun taslamasyna 269 agza razy bolan bolsa, 161 agza garşy ses beripdi.

Bu ylalaşyk esasynda Birleşen Ştatlaryň 14,3 trillion dollarlyk bergi çägini 2,4 trillion dollar çemesi ýokarlandyrmak planlaşdyrylýar.

Teklip edilýän 2,1 trillion dollarlyk harçlama tygşytlamalary 10 ýylyň dowamynda giriziler.
XS
SM
MD
LG