Sepleriň elýeterliligi

Orsýet BMG-niň Siriýany ýazgarmak rezolýusiýasyna garşy bolmady


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmisi Moskwa BMG-niň Siriýadaky zorluklary ýazgarýan rezolýusiýasyna garşy bolmady diýýär.

Ýöne Orsýet bu rezolýusiýanyň sanksiýalardan we beýleki “basyşlardan” saklanmalydygyny aýdýar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi sişenbe güni Siriýadaky gandöküşlik habarlary baradaky maslahatyny dowam etdirdi.

Italiýa bolsa, Damask režiminiň graždan ilata edýän elhenç basyşy sebäpli Siriýadaky ilçisini, maslahat üçin, Rime çagyrdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri sişenbe güni Hama şäherinde azyndan 5 adamy öldüripdirler.
XS
SM
MD
LG