Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň kürt pitneçilerini bombalamagy 200 maşgalany öýünden bosdurdy


Habarlarda aýdylmagyna görä, Eýranyň hepdeläp demirgazyk Yrakdaky separatistleriň bazalaryny topa tutmagy yrakly kürt maşgalalarynyň 200-den gowragyny öýünden bosdurdy.

Iýulyň ortasyndan bäri edilýän bomba hüjümi “Kürdüstanyň azat durmuşy” partiýasynyň lagerlerini nyşana alýar.

Migrasiýa boýunça halkara guramasy öýünden bosan adamlaryň kömeksiz uzak ýaşap bilmejegini duýdurdy.

Eýranyň bombalamalary netijesinde azyndan 3 kürdüň ölendigi aýdylýar.

Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zibari Eýranyň 16-njy iýuldan bäri dowam edýän bombalamalaryny ýazgardy we onuň bes edilmegini talap etdi.

Emma Eýran bu hüjümi Yrak serhetde goşun ýerleşdirip, serhetaşa hüjümleriň öňüni alýança dowam etjegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG