Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky ybadathana hüjümi sebäpli üç adama ölüm jezasy berildi


Yrak sudy geçen ýyl 68 adamyň ölümine sebäp bolan ybadathana hüjümini gurnan üç adama ölüm hökümini çykardy.

Ýokary sud geňeşiniň sözçüsi Abdul-Sattar Baýrkdar ol üç adamyň 31-nji oktbýarda bolan hüjümi planlaşdyrmakda we taýýarlamakda günäli tapylandygyny aýtdy.

Bu iş bilen bagly dördünji adam biraz öň 20 ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Ölüme höküm edilen üç adamyň bu hökümden şikaýat etmek üçin bir aý wagty bar.

Bagdadyň hristian jemagaty bu hökümden razy bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG