Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Polşanyň uçar heläkçiligi baradaky hasabatyny ret edýär


Orsýetiň howa-ýol hadysasy derňewi polýak hasabatyny ret etdi.

Polýak hasabaty 2010-njy ýylda polýak prezidentiniň uçarynyň ýykylmagyna rus howa-ýol gözegçileriniň beren bulaşyk ýol görkezmeleri sebäp boldy diýýär.

Bu hadysany derňän döwletara awiasiýa komitetiniň panel başlygy Alekseý Morozow metbugat ýygnagynda rus gözegçileriniň uçar sürüjilerine ýoly anyk görkezendiklerini aýdyp, aýak depdi.

Şeýle-de ol aeroportuň radarynyň we çyralarynyň, polýak derňewçileriniň hasabatynda aýdylyşynyň tersine, kadaly işländigini aýtdy.

2010-njy ýylyň 10-njy aprelinde bolan howa-ýol hadysasynda prezident Leh Kaçinskiý bilen bile 95 adam ýogaldy.

Morozow we beýleki rus ekspertleri Polşanyň anna güni ýaýradan hasabatynda aýdylýan zatlara jogap berýärler.

Polýak hökümetiniň hasabatynda uçar heläkçiligine Smolensk aeroportundaky gözegçileriň ýoly ýalňyş görkezmeginiň sebäp bolandygy öňe sürülýär.
XS
SM
MD
LG