Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Klinton siriýaly aktiwistler bilen duşuşýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Amerikada ýaşaýan siriýaly demokratiýa aktiwistleri bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk Obama administrasiýasynyň Siriýa garşy täze sanksiýalar barada pikirlenýän wagtyna we BMG-niň we ABŞ Kongresiniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy herekete çagyrýan pursatyna gabat geldi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner Klinton siriýa halkynyň batyrgaýlygyna we özleriniň ählumumy hukuklaryny talap edip, hökümetiň ýowuzlygyna garşy durmagy dowam etdrişlerine hormatyny beýan etdi diýdi.
XS
SM
MD
LG