Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň öňki prezidenti Mubarege garşy sud başlandy


Çarşenbe güni Kairde Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarege garşy sud seljerişligi başlandy, ol korrupsiýada we öz 30 ýyllyk dolandyryşyny soňlan fewral gozgalaňynda protestçileri öldürmegi buýurmakda aýyplanýar.

Habarlarda aýdylmagyna görä, 80 ýaşly Mubarek Gyzyl deňziň boýundaky Şarm ýel-Şeýh kurort şäherinden, saglygyny bejerdýän ýerinden uçarly getirilipdir.

Sud Kairiň Polisiýa akademiýasynda geçirilýär.

Mubarek, onuň ozalky içeri işler ministri Habib el-Adly, ozalky ýokary deýerjeli polisiýa ofiserleriniň altysy gozgalaň wagtynda öldürilen 850 protestçiniň ölüminde günälenýär.
XS
SM
MD
LG