Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonyň “Ýüpek ýoly” arzuwy


Owganystanyň Bamiýan şäheri bir mahallar “Ýüpek ýolunyň” söwda geçelgesi bolupdy.

Owganystanyň Bamiýan şäheri bir mahallar “Ýüpek ýolunyň” söwda geçelgesi bolupdy.

"Taryhy nukdaýnazardan aýdylanda, Merkezi we Günorta Aziýada ýerleşýän ýurtlary ozal biri-biri we beýleki kontinentler bilen söwdagärleriň gatnaýan "Ýüpek ýoly" baglanyşdyrýardy" diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton ýakynda Hindistana saparynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.

Ol sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýdi: "Şol ýoldan peýdalanyp, hindistanly söwdagärler öz azyk önümlerini, şaý-seplerini, matalaryny, dürli mallaryny bazara çykarýardylar we Bosfor geçelgesi bilen Hytaýyň beýik diwarynyň aralygyndaky ähli regionlara öz ideýalaryny we medeniýetlerini ýaýratmak mümkinçiligine eýe bolýardylar".

Geliň, täze "Ýüpek ýoluny" guralyň diýip, Hillari Klinton öz çykyşynda belledi. Emma ol döwürden bäri ýagdaýlar üýtgedi. Onsoň Klintonyň göz öňünde tutýan täze "Ýüpek ýoly", taryhy ýüpek ýoly ýaly, diňe ullakan ýoldan ybarat bolman, ol halkara möçberindäki ykdysady, söwda we tranzit çatryklaryny gurmakdan ybaratdyr.

Hakykatdanam, bu gaty gowy pikire meňzeýär, onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna kim erbet pikir diýip, baha berip biler? Emma şol bir wagtyň özünde-de aýdylýan bu gürrüň düýş ýaly bir zat, düýş görmek, elbetde, gowy, ýöne şol bir wagtyň özünde-de regionyň hakykatlaryndan hem uzaklaşylmaly däl.

Ilki bilen, geliň, "Ýüpek ýoly" diýilýän şol proýekte syn edeliň. Bu 1877-nji ýylda german alymy tarapyndan oýlanyp tapylan atdyr. Bu hem "Silk Road", ýagny "Ýüpek Ýoly" diýilýän pikiriň azyndan ýüz ýyl öňki proýektdigini aňladýar. Şol döwürlerde "Ýüpek ýoly" Günorta, Merkezi we Gündogar Aziýa bilen bir hatarda Ýakyn Gündogaryň aglaba bölegini öz içine alyp, şol tutuş region bolsa sanlyja häkimler tarapyndan dolandyrylýardy. Ol ýurtlaryň serhet liniýalary hem o diýen anyk bolman, bir ýurtdan beýleki ýurda sapar etmek üçin pasport ulanmaly diýlen düzgün hem häli girizilmändi. Hatda ýüpek ýolunyň özi hiç haçan ýeke-täk ýoldan ybarat bolman, ol biri-biri bilen baglanyşýan we ugry takyk bolmadyk ýollardan ybaratdy.

Häzirki ýagdaý

Has möhümi "Ýüpek ýoly" diýilýän şol ýollardan kerwenler geçýärkä, regionyň syýasy hem howpsuzlyk ýagdaýlary häzirkisinden juda tapawutlydy. Eýranyň ýagdaýyny mysal alyp göreliň. Öň Persiýa ýa Pars ady bilen tanalýan bu ýurt, öňki "Ýüpek ýolunyň" esasy ugurlaryndan biridi.

Emma häzirki Eýrana serediň, ol bir topar yslamçylar tarapyndan dolandyrylyp, bu ýurda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan sanksiýalar girizilen. Ýagny, halkara kanunlaryna görä, Tähran bilen uly möçberli söwda gatnaşygyny ýola goýmak bikanun. Netijede Eýran hem bu proýekte girizilermi diýlen kanuny sorag döreýär.

"Ýüpek ýolunyň" ýene möhüm ugurlarynyň biri Hindistandyr. Öň Mogollar we soňra Britaniýa tarapyndan dolandyrylan wagtlarda Hindistan diňe bir ýurt bolup, ol häzirki döwürde üçe bölünen. Hindistanyň gapdalynda indi Bangladeş bilen Pakistanam bar.

Olardan ikisi, ýagny Pakistan bilen Hindistanyň gatnaşygy mydama dartgynly bolup, olar geçen 50 ýylyň dowamynda üç gezek ganly çaknyşyklary hem başdan geçirdiler. Olaryň arasynda Kaşmir diýilýän problema henizem dowam edýär. Hindistan bilen Pakistanyň liderleri duşuşyp, parahatçylyk boýunça pikir alyşmasalar, Hillari Klintonyň gürrüňini edýän bu proýektiniň başa barjagy gümana.

Elbetde, söwda gatnaşygynyň ýola goýulmagynyň dartgynlygy azaldyp biljekdigini aýtmak mümkin, emma problemalar dowam etse, bu planyň başa barmagy aňsat bolmaz.

Pakistanyň Owganystan bilen gatnaşygy hem juda dartgynly, soňky döwürlerde goňşy Owganystana Pakistan tarapyndan raketalar atyldy. Bu hem "Ýüpek ýoly" proýektiniň geljegi nukdaýnazaryndan gowulygyň alamaty däl.

Pakistanyň goňşusy Owganystan barada aýtsak, onuň ýagdaýy hasam erbet. Onuň eksport edýän iň uly önümi neşe maddasydyr. Häzirki döwürde tutuş regionda päsgelsiz amala aşyrylýan ýeke-täk söwda önümi hem neşe maddasydyr. Bu ýurduň ýollary barada gürrüň edilende, soňky 30 ýylyň dowamynda gurlan ýeke-täk ýol 2,200 kilometr uzynlygyndaky şaýoldyr. Ol 9 ýyldan bäri gurulýar, ýöne gurluşygy henizem tamamlananok.

Merkezi Aziýa

Merkezi Aziýa barada gürrüň edilende hem o diýen aýdara pozitiw zat ýok. Özbegistanyň öz goňşusy Täjigistan bilen gatnaşygy dartgynly, ýagny Täjigistan suw bendini gurjak diýip, Özbegistana akýan suwy böwetlemek howpuny salýan bolsa, Özbegistan Täjigistanyň daşary ýurtlar bilen gury ýer arkaly amala aşyrýan gatnaşygynynyň öňüni kesýär.

Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabat welaýatlatrynda özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda çykan çaknaşykdan soňra, Özbegistanyň Gyrgyzystan bilen hem gatnaşygy oňyn däl.

Türkmenistan diýseň, ol dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri diýlip hasaplanýar. Ýagny, söwda kerwenleriniň bu ýurda gelmegi ýa bu ýurtdan tranzit hökmünde geçmegi aňyrda dursun, turistleriň ýurda girmegi hem juda çäklendirilen. Söwda şertleri diýseň, olam bir problema. Ýakynda bolup geçen wakany mysal edip alsak, bäş sany türk şirketi bilen bir hatarda Orsýetiň uly kompaniýalaryndan biri Türkmenistany ozal baglaşylan şertnamany berjaý etmänligi üçin suda berdiler.

20 töweregi türk kärhanalary hem şeýle dawa bilen Türkmenistanyň hökümetini halkara sudlaryna tabşyrmaga taýynlanyp ýörler. Olar Türkmenistanyň hökümetinden özleriniň 1 milliard dollar töweregi algylarynyň bardygyny aýdýarlar. Ýagny, bu problemalar institutlarda taýýarlanýan alymlyk işleri bilen bagly bir meseleler däl, olar agzalýan ýurtlaryň ählisinde düýpli kynçylyklaryň bardygyny aňladýar.

Regionda şeýle ýagdaý dowam edýärkä, gürrüňi edilýän täze "Ýüpek ýoly" proýektinde Merkezi Aziýanyň esasy rolunyň bolmalydygy aýdylýar. Bu pikir esasynda düzülen şol proýektiň amala aşyrylmagyny goldap, käbir amirkan ýolbaşçylary çykyş edýärler we şol bir wagtyň özünde-de käbir institutlar bu plany goldap yzygiderli hasabat çap edýärler. Belki-de, bu planyň başa barmagy mümkin. Emma ony diňe arzuw etmek bilen amala aşyryp bolmaz.

Muhammad Tahir Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky žurnalisti, IHA türk habar agentliginiň Pakistandaky we Owganystandaky öňki habarçysy. Kommentaride beýan edilen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG